Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde şäheriň Aragatnaşyk müdirligine bardy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Arkadag şäherinde synag görnüşinde gurnalan «4G+» ýokary tizlikli internet ulgamyny işe goýbermäge ak pata bermegini Gahryman Arkadagdan haýyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «4G+» internet tehnologiýasynyň işine ak pata berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.