Туркментелеком Бот

Arkadag şäherine «5G» tehnologiýasy ornaşdyrylar


23.02.2025

Arkadag şäherinde ýakynda wagtda «5G» tehnologiýasynyň işi ýola goýlar. Ozal habar berşimiz ýaly, 22-nji fewralda täze şähere iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa şäheriň Aragatnaşyk müdirliginde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ilkinji gezek Arkadag şäherinde oturdyljak «5G» tehnologiýasynyň aýratynlyklary, onuň gurşap alýan çägi we bu tehnologiýanyň degişli düzümler we pudaklar üçin ähmiýeti barada hasabat berdi.

Hasabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwrebap «5G» tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrenip, ony «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň düzümleriniň işine ornaşdyrmak babatda beren tabşyryklaryna laýyklykda bu tehnologiýany Arkadag şäherinde işe goýbermäge taýýarlyk görlendigi aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan degişli işler geçirildi. «5G» tehnologiýasyny bu ýerde synag görnüşinde goýbermek üçin Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei» kompaniýasyndan birnäçe binýatly aragatnaşyk bekediniň gelip gowşandygy habar berildi. «5G» tehnologiýasynyň maglumat geçirijiligi ýokary bolup, onuň ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýändigi bellenildi. Bu innowasion tehnologiýada 1 kilometr inedördül meýdançada ýüz müňlerçe enjamlary birikdirip, sazlaşykly işletmek mümkinçiligi bar.

Şeýle hem hasabatyň barşynda täze şäheriň «akylly» şäher we «akylly» öý ulgamlarynyň, önümçilik toplumlarynyň, saglygy goraýyş, bilim, senagat we oba hojalygy pudaklarynyň işini sanly ulgam arkaly dolandyrmakda «5G» tehnologiýasynyň mümkinçilikleriniň artykmaçlyklaryna üns berildi.

Arkadag şäherinde degişli ýokary tizlikli internet ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen, şäheriň ähli künjeklerini «5G» tehnologiýasynyň mümkinçilikleri gurşap alar.

«5G» tehnologiýasynyň aragatnaşyk ulgamynyň «Türkmen Älem» emeli aragatnaşyk hemrasynyň mümkinçilikleri esasynda işlemegi ýygylyk zolagynyň işiniň degişli derejede alnyp barylmagyny üpjün eder.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde ýakynda wagtda «5G» tehnologiýasynyň işi ýola goýlar. Gahryman Arkadag bu babatda özüniň birnäçe maslahatlaryny we degişli tabşyryklaryny berdi.

Soňra bu ýerde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «5G» tehnologiýasynyň işini dolulygyna beýan edýän wideofilm görkezildi.

Новости

2 3 4 5 ... 10

Нужна помощь?

Наши специалисты всегда готовы ответить на любые интересующие вас вопросы