Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar


17.10.2025

2025-nji ýylyň 13–16-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdi Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Telekommunikasiýalar we sanly hökümet ulgamyny düzgünleşdiriş müdirliginiň (TDRA) çakylygy boýunça Dubaý şäherine iş saparyny amala aşyryp, GITEX Global 2025 halkara tehnologiýa sergisine gatnaşdy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti sanly özgertmeler, telekommunikasiýalar, kiberhowpsuzlyk we maglumat dolandyryşy ugurlaryndaky innowasiýalar bilen tanyşdy. Olar hökümet pawilýonyna, şeýle hem Telekommunikasiýalar we sanly hökümet ulgamyny düzgünleşdiriş müdirliginiň we Digital Dubai guramalarynyň diwarlyklaryna baryp gördüler.

15-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti Dubaýyň Maglumat we statistika edaralarynyň baş direktory Ýunus Al Nasser (Digital Dubai Authority guramasynyň düzümine girýär) we TDRA-nyň baş direktory inžener Majed Sultan Al-Mesmar bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar maglumat dolandyryşy, sanly döwlet hyzmatlary, bulut tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy Digital Dubai we TDRA guramalarynyň wekillerini 2025-nji ýylyň 12–14-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Turkmentel–2025» sergisine gatnaşmaga çagyrdy hem-de sanly hökümet we kiberhowpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegi teklip etdi.

Новости

2 3 4 5 ... 10

Нужна помощь?

Наши специалисты всегда готовы ответить на любые интересующие вас вопросы