Приложение созданное специалистами КЭ "Туркментелеком" для прослушивания радиостанций Туркменистана появилось в Google Play и App store


11.05.2022

Google Play we App store internet dükanlarynda Türkmenistanyň döwlet radioýaýlymlaryny diňlemäge mümkinçilik berýän Türkmen Radio ykjam goşundysy peýda boldy.

Indi ulanyjylar dünýäniň islendik künjeginden «Owaz», «Watan», «Çar tarapdan» hem-de «Miras» radioýaýlymlaryny onlaýn diňläp bilerler.

Smartfonlar üçin niýetlenen goşundy radioýaýlymlaryň efirini ýokary durulykda diňlemäge ýardam berýär.

Ykjam goşundy internet dükanynda tölegsiz esasda hödürlenýär we Android 4.1 we iOS 12.0 ondan ýokary wersiýaly smartfonlarda işleýär. Radioýaýlymlary diňlemek üçin internet toruna birikmek zerurdyr (EDGE, 3G, LTE ýa-da Wi-Fi).

Новости

2 3 4 5 ... 10

Нужна помощь?

Наши специалисты всегда готовы ответить на любые интересующие вас вопросы