«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmegiň DÜZGÜNNAMASY

I. Bäsleşigiň esasy maksatlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu işlere bilimli, başarnykly, ussat hünärmenleri çekmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 984 belgili karary bilen «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Konsepsiýany amala aşyrmagyň talaplaryna laýyklykda, sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de bu ugurda anyk çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak şeýle hem, IT hünärmenler bilen üpjün etmek bellenilen.

Kabul edilen konsepsiýa laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça täze Startaplara (StartUp) badalga bermek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär.

Şu düzgünnama bäsleşigiň geçiriliş şertlerini we tertibini kesgitleýär.

II. Bäsleşigiň umumy düzgünleri

Taslamalar (oýlap tapyşlar) üçin internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyryljak web hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň, dürli kompýuterleriň we ykjam aragatnaşyk enjamlarynda ulanyljak programma üpjünçiligi (işjeň ulgamlaryň) taýýarlanylmagy hökmandyr;

Döredilen (düzülen) oýlap tapyşlaryň şu aşakdaky talaplaryň göz öňünde tutulyp taýýarlanylmagy möhümdir:

Döredilen oýlap tapyşlar kanunçylygyň ähli talaplaryna laýyklykda düzülmelidir. Göçürmä (плагиат) rugsat berilmeýär;

III. Bäsleşige gatnaşmagyň düzgünleri

Şu bäsleşige şahsy we toparlaýyn görnüşde gatnaşmak rugsat edilýär (toparlaýyn görnüşde gatnaşýanlaryň adam sany 3-den köp bolmaly däldir we toparyň ýolbaşçysy anyk kesgitlenmelidir).

Şu bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýänleriň resminamalary fiziki we ýuridiki şahslar tarapyndan hödürlenip biliner.

Bäsleşige gatnaşmak üçin, gatnaşýan şahsyň (topar ýolbaşçysynyň) ýazmaça arzasy, çap edilen maglumatynyň (agzalarynyň), pasportynyň nusgalary we hödürlejek taslamalarynyň mazmunynyň bolmagy zerurdyr.

Ýuridiki şahslar tarapyndan hödürlenýän gatnaşyjynyň (toparyň we düzüminiň) maglumatlary, resmi edara maglumatlary we hödürlejek taslamalarynyň mazmunynyň bolmagy zerurdyr.

Şol bir edara-kärhanadan birnäçe şahslaryň (toparlaryň) aýratynlykda gatnaşmagyna rugsat edilýär, emma gatnaşyjylary (topar düzümdäkileri) gaýtadan hasaba alynmaýar.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň resminamalary 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan hasaba alynýar.

«Türkmentel – 2020» atly halkara XIII halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda bäsleşigiň jemleri yglan ediler.

IV. Bäsleşigiň geçiriliş tertibi we guramaçylyk topary

Bäsleşik 7 ugur boýunça geçiriler, ýagny:

Bäsleşige hödürlenýän taslamalary (oýlap tapyşlary) seljermek üçin, eminlik etmek maksady bilen, wagtlaýyn ýörite seljeriş topary döredilýär.

Seljeriş toparynyň düzümine umumy ýolbaşçylygy «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan amala aşyrylýar we ylalaşylyp düzülýär.

Şahsy tertipde taslamasyny hödürlänleriň hut özleriniň (toparlaýyn hödürlänleriň islendik topar agzalarynyň) çykyş etmekligi we özüniň taslamasy (oýlap tapyşyny) doly işjeň ýagdaýynda görkezmegi hökman bolup durýar.

Bäsleşige gatnaşyjynyň çykarylan netijeden närazy bolan halatynda ýolbaşçylaryň umumy ylalaşygy esasynda arz-şikaýat topary döredilip, ol topar gatnaşyjynyň taslamasyny (oýlap tapyşyň netijesini) özbaşdak seljermek arkaly gutarnykly netije çykarýar. Eger ilkinji toparyň çözgüdi hakykatdan-da kanagatlanarsyz bolsa, onda arz-şikaýat toparynyň çözgüdi gutarnykly hasaplanýar.

Bäsleşigiň geçirilýän günlerinde gatnaşyjynyň (topar ýolbaşçysynyň) gatnaşmadyk ýagdaýynda taslama hödürlenen işleriň sanawyndan aýrylýar we gatnaşyjy gatnaşmak hukugyny ýitirýär.

Bäsleşigiň her bir ugry boýunça birinji, ikinji we üçünji orun eýelän taslama «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hem-de agentligiň paýly gatnaşygyndaky jemgyýetleriň maliýe serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmegi bilen pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar bilen sylaglanar.

V. Bäsleşigiň geçirilişiniň beýan edilmegi

Bäsleşigiň geçiriliş şertleriniň düzgünnamasyny mahabatlandyrmak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen guramaçylyk topary tarapyndan amala aşyrylar.

Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we oýlap tapmalary baradaky teklipler telecom.tm internet saýtynda elektron görnüşinde kabul ediler.

Habarlaşmak üçin:
Tel: (+99312) 98-12-12 / 98-13-13