Hosting hyzmatyny almak üçin Oguz Han köçesiniň 217-nji jaýynda ýerleşýän "Altyn Asyr" öýjükli operatoryň binasyndaky bölümimize ýüz tutmaly.
Aşakda bu hyzmaty açmak / almak üçin zerur resminamalaryň sanawy görkezilýär:
Ýuridik şahslar üçin:
1) ýüz tutma haty;
2) “Müşderi” tarapyndan bellenen administratoryň pasport nusgasy we şahsy maglumaty;
3) “Müşderi” tarapyndan jogapkär edip bellenendigi barada içki buýrugyň göçürmesi (wezipesini, ykjam telefon belgisini, elektron poçta salgysyny görkezmeli);\
4) “Müşderiniň” Tertipnamasynyň (Düzgünnamasynyň) göçürmesi;
5) Türkmenistanyň Edara görnüşli talaplaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi;
6) Şahadatnamanyň göçürmesi (Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berilen).
Fiziki şahslar üçin (telekeçi):
1) ýüz tutma haty;
2) “Müşderi” tarapyndan bellenen administratoryň pasport nusgasy we şahsy maglumaty;
3) Hususy telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasynyň göçürmesi.