Şahsy otagdan nädip peýdalanmaly?

Hormatly Müşderiler!

Şahsy otagyňyzdaky hasaby we ulanyjy maglumatlaryňyzy barlamak üçin telecom.tm web-salgymyza girip bilersiňiz.

Açylan penjiräniň ýokarky sag çüňkinde Şahsy otag bölümine geçiň.
one.jpg 9.59 KB
Şahsy otagyňyza girmek üçin açylan penjirede ulanyjy adyňyzy(login) we parolyňyzy girizmeli. Ulanyjy adyňyzy ýa-da parolyňyzy ýatdan çykyp ýa-da ýitirilen halatynda şahsy otagyň eýesi pasporty bilen "Turkmentelecom" EK-iň iň ýakyn ofislerine ýüz tutmalydyr.
two.png 25.32 KB
Bellik: Şahsy hasabyňyza diňe öý Internedyňyz arkaly öýde bolan wagtyňyz girip bilersiňiz, sebäbi şahsy hasabyňyz öý telefon belgiňize birikdirilendir.

three.png 154.7 KB
Şahsy otagyňyz şahsy maglumatlaryňyz bilen görnüşdäki ýaly bolýar.
Çep tarapda şahsy hasabyňyzy dolandyrmak üçin esasy bölümler ýerleşýär.

five.png 160.33 KB
"Hasap" bölüminde müşderä serişdeleriniň ýagdaýy we sarp edilişi barada maglumat berilýär. Şeýle hembu bölümde abonent aýlyk tölegini hem görüp biler.
"Hasap balansy" bölümi abonentlere balansyny, alnan tölegleri we şu aýyň çykdajylaryny anyklamaga kömek eder.
"Aýlyk hasap-faktura" bölüminde ähli tölenen we tölenmedik hasap-fakturalaryňyz barada maglumatlar görkezilýär, bu ýerde netijäni görmek isleýän aýyň möhletini görkezip bilersiňiz.
"Maliýe çykdajylary" bölümi, saýlan döwür üçin çykdajylaryňyzy anyklamaga kömek eder. Esasy maglumatlary görkezmek bilen, nyrh ýa-da hyzmatlaryňyz üçin abuna töleginiň nähili alynýandygyny bilip bilersiňiz.


Öz hasabyňyzy doldyrmak üçin telefonyňyz iOS ulgamynda bolsa App Store-dan, Android ulgamynda bolsa Play market-den “Tmcell Toleg”  programmany almaly.
Töleg üçin ulanjak “Altyn Asyr” plastik kartyňyza islendik bankomatdan SMS hyzmatyny birikdirmeli (öň birikdirilmedik bolsa).
Programma birinji sapar gireniňde öz telefon belgiňizi ýazyp “Dowam et” düwmesine basmaly.
0877 belgisinden SMS kody geler. SMS kody ýazyp “Tassykla” düwmesine basmaly.
Programma gireniňizden soň “Kartlarym” bölümine girip “Altyn Asyr” plastik kartyňyzyň maglumatlaryny doldurmaly.
“Hyzmatlar” bölümine girip “Telekom Internet” hyzmatyna basyp hasaby dolduruljak abonentyň töleg kodyny (tölegiň kodyny bilmek üçin Şahsy otagyňyza  giriň we aşakdaky görkezilen surata serediň) we iberiljek mukdary ýazyp kartyňy saýlamaly. “Dowam et” düwmesine basmaly.
 0701 belgisinden gelen SMS kody ýazyp tölegi tassyklamaly.
 Tölegleriň netijesini "Tölegler" bölüminden barlap bilersiňiz.
 "Sazlamalar" bölüminden programmanyň dilini çalyşmak we programma kod goýmak mümkin.
"Tölegleriň sanawy" bölüminde tölegleriň statistikasy görkezilýär. Munuň üçin gyzyklanýan şertnamaňyzy saýlap tölegiň möhletini görkezmeli. Şeýle hem ähli şertnamalaryň statistikasyny göçürip alyp bilersiňiz.
news_billing_pay.jpg 48.36 KB



"Ilat üçin Internet" bölümi, öý internetiňiziň tizligini dolandyrmaga kömek edýär. Bu ýerde nyrh meýilnamalaryňyzyň taryhyny üýtgedip we bilip bilersiňiz, şeýle hem internetiňiz üçin goşmaça hyzmatlary işjeňleşdirip bilersiňiz.
six.png 217.08 KB