21.05.2019
HÜNÄR DEREJESINE DESLAPDAN BAHA BERMEK ÜÇIN ÇAKYLYK
TÜRKMENISTAN
TELEKOMMUNIKASIÝA TORUNY GIŇELTMEK BOÝUNÇA TASLAMA
(öýjükli we stasionar aragatnaşyk toruny ösdürmek, Uniwersal billing ulgamyny ornaşdyrmak, maglumat geçirişiň
ýokary tizlikli ulag torunyň gurluşygy, FM radioýaýradyşyň çäklerini giňeltmek, radioýygylyklar toplumyna gözegçilik etmek boýunça milli merkezini döretmek)
Maliýe belgi IDB:TKM-1008
Bu hünär derejä deslapdan baha bermek boýunça çakylyk 2017-nji ýylyň 08 dekabryndaky «Asharq Al-Awsat» gazetinde, 2017-nji ýylyň 08 dekabryndaky ýerli «Нейтральный Туркменистан» gazetinde, Yslam Ösüş Bankynyň resmi web-saýtynda (www.isdb.org) we Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň resmi web-saýtynda (www.mincom.gov.tm) yglan edilen umumy habardan gelip çykýar.
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi Telekommunikasiýa toruny giňeltmek Taslamasynyň töleglerini üpjün etmek babatynda Yslam Ösüş Banky tarapyndan maliýeleşdirilmegi kabul etdi we bu maliýe üpjünçiliginiň belli bir bölegini Öýjükli we stasionar aragatnaşyk toruny ösdürmek, Uniwersal billing ulgamyny ornaşdyrmak, maglumat geçirişiň ýokary tizlikli ulag torunyň gurluşygy, FM radioýaýradyşyň çäklerini giňeltmek, radioýygylyklar toplumyna gözegçilik etmek boýunça milli merkezini döretmek babatynda şertnamalaryň tölegleri üçin ulanmagy göz önüne tutýar. Tender Yslam Ösüş Bankynyň hukuk düzgünlerine we kadalaryna laýyklykda geçiriler.
Gyzyklanýan doly ygtyýarly arza berijiler her bir lot boýunça aýratynlykda ýa-da utgaşdyrylan birnäçe lotlar boýunça arza berip bilerler.
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi indiki lotlar boýunça potensial üpjün edijileriň we/ýa-da firmalaryň hünär derejesine deslapdan baha bermegi göz öňüne tutýar:
1-nji bukja |
Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda TM Cell operatoryň öýjükli aragatnaşyk toruny ösdürmek |
Lot 1.1 |
Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde we Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda TM Cell operatoryň öýjükli aragatnaşyk toruny ösdürmek |
Lot 1.2 |
Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda TM Cell operatoryň öýjükli aragatnaşyk toruny ösdürmek |
2-nji bukja |
Aşgabat şäher telefon ulgamy we TM Cell üçin billing ulgamyny we multiserwis platformany giňeltmek we kämilleşdirmek |
Lot 2.1 |
TM Cell operatoryň billing ulgamyny giňeltmek we kämilleşdirmek |
Lot 2.2 |
Fiksirlenen tor üçin billing multiserwis platformasyny getirmek, gurnamak we işe girizmek
|
3-nji bukja |
Türkmenistanda FM radioýaýradyş toruny ösdürmek |
|
Türkmenistanda FM radioýaýradyş toruny ösdürmek, şol sanda FM ýaýradyjy enjamlary, elektrik iýmitlendiriji we anten-fider gurluşlary |
4-nji bukja |
Fiksirlenen telefon toruny giňeltmek |
|
Türkmenistanda fiksirlenen telefon toruny giňeltmek |
5-nji bukja |
Maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek (Internet) |
|
Türkmenistanda maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek (Internet) |
6-njy bukja |
Radioýygylyklar toplumlaryny dolandyrmak we gözegçilik etmek boýunça milli merkezi döretmek |
|
Türkmenistanda radioýygylyklar toplumlaryny dolandyrmak we gözegçilik etmek boýunça milli merkezi döretmek üçin enjamlary we programma üpjünçiligini getirmek, gurnamak we işe girizmek |
Hünär derejesine deslapdan baha bermek üçin çakylyk 2019-njy ýylyň aprel aýynda bermek göz öňüne tutulýar.
Hünär derejesine deslapdan baha bermek 2009-njy ýylyň maý aýyndan “Yslam Ösüş bankynyň harytlar bilen üpjün etmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça gollanmasynda” bellenilen hünär derejä deslapdan baha bermek kadalaryna laýyklykda geçiriler we bu gollanmada kesgitlenen ähli hukukly ýurtlardan tender gatnaşyjylaryň hemmesi üçin açykdyr.
Gyzyklanýan doly ygtyýarly arza berijiler Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde (aşakda görkezilen salgy boýunça ýerleşýär) sagat 09:00 sagat 12:00 çenli (ýerli wagt boýunça) goşmaça maglumatlary alyp we hünär derejä deslapdan baha bermek üçin resminamalary barlap bilerler. “Hünär derejä deslapdan baha bermek üçin resminamany” iňlis we rus dillerinde aşakda görkezilen salgy boýunça ýazmaça görnüşde arza berip we indiki bank hasabyna pul geçirim usuly arkaly 805 (sekiz ýüz bäş) ABŞ dollary (GBüS hasaba alnan) möçberde yzyna gaýtarylmaýan komission ýygymy tölenenden soň Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde (salgysy aşakda gökezilen) satyn alyp bolýar:
«Turkmenaragatnashyk» Agency of the Ministry of Industry and Communication of Turkmenistan
88 Archabil Avenue, Ashgabat, Turkmenistan, 744000
Beneficiary Bank: SCBT «TURKMENBASHY»
ASHGABAT, TM
SWIFT:INVATM2X
Account: 04-441-516
Foreign currency account: 23201840130427300192000
Transit currency account for tenders: 28902840130427400082000
Intermediary Bank: DEUTSCHE BANK TRUST COMPANY AMERICAS
SWIFT: BKTRUS 33
MFO: 390101304
Tax code: 101161000271
Hünär derejesine deslapdan baha bermek üçin arzalary möhürlenen bukjada «Application to Prequalify for the Telecommunication Network Enhancement Project (ТКМ-1008)» dürs ýazgyly bolmaly, lotuň/lotlaryň belgileri we ady/atlary görkezilmeli aşakda görkezilen salga 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda sagat 11:00 gijä galman tabşyrmaly.
Salgy:
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi
Türkmenistan. Aşgabat şäheri. Arçabil şaýoly, 88 belgili bina
Tel.: +993 12 449000, +993 12 449095
Faks: +993 12 449393
E-mail: pmu@online.tm
Web site: www.mincom.gov.tm
Maglumat çeşmesi: “Türkmenaragatnaşyk” agentligi
01.02.2021
04.01.2021
31.12.2020
18.12.2020
14.12.2020
25.11.2020
06.11.2020
26.10.2020
20.10.2020
16.09.2020
26.12.2019
29.11.2019
29.11.2019
28.11.2019
28.11.2019
24.10.2019
22.07.2019
21.05.2019
02.01.2019
26.12.2018
01.12.2018
01.12.2018
11.11.2018
01.11.2018
01.11.2018
08.09.2018
13.06.2018
30.05.2018
02.05.2018
09.03.2018