24.10.2019
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyňÝurdumyzyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynda ýetilen üstünliklerini görkezmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2019-nji ýylyň 27-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2019» atly XII halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär.
“Türkmentel - 2019” – sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini berýär. Eksponentler, özleriniň iň ýokary üstünliklerini görkezmek bilen, telekommunikasiýa sektoryna biznes ýoretmekde täze mümkinçilikleri we işewürlik hyzmatdaşlygy ýola goýup, gelejekdäki şertnamalarda we taslamalarda dürmuşa geçiriler.
Biz Sizi hem, Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel - 2019” atly XII halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylaryň hatarynda hoş gördük.
«Türkmentel-2019» sergisi we ylmy maslahaty boýunça guramaçylyk komieti ähli soraglar boýunça goldaw bermäge taýýar. Sergi we ylmy maslahat barada soraglar boýunça aşakdaky telefon belgiler boýunça habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Telefon:(+99312) 449000, 449099, 449191, 449393(Fax)
E-mail: techdep@telecom.tm mincom@telecom.tm
Web site: www.mincom.gov.tm
Maglumat çeşmesi: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi
01.02.2021
04.01.2021
31.12.2020
18.12.2020
14.12.2020
25.11.2020
06.11.2020
26.10.2020
20.10.2020
16.09.2020
26.12.2019
29.11.2019
29.11.2019
28.11.2019
28.11.2019
24.10.2019
22.07.2019
21.05.2019
02.01.2019
26.12.2018
01.12.2018
01.12.2018
11.11.2018
01.11.2018
01.11.2018
08.09.2018
13.06.2018
30.05.2018
02.05.2018
09.03.2018