28.11.2019
27-28-nji noýabrda paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisi we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Olar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän ýöriteleşdirilen forum bu ýere ýygnananlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň döretmek, ykdysady taýdan gülläp ösmek ýoly bilen ädýän täze üstünlikli ädimleri bilen tanyşdyrdy.
Şu ýyl sergide öz mümkinçilikleri, öndürýän önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen türkmen aragatnaşyk kärhanalary hem-de aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalarynyň bazarynda öňdebaryjylar — «Thales Аlenia Space», «Nokia», «HUAWEI», «Samsung», «Apple», «Sony», «DHL», «Cisco», «Space Systems International Monaсo» ýaly kompaniýalar tanyşdyrdylar.
«Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň çäklerinde senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky yaşlar guramasynyň yanyndaky Yaş alymlar merkezi bilen bilelikde geçirilen “Ýaş alymlar – telekommunikasiýa ulgamynda” atly bäsleşigi dabaraly ýagdaýda tamamlandy.
Bu bäsleşikde“Türkmentelekom” EAK-nyň hünärmenleri "Online-Tehnik" ulgamy bilen ikinji orny eýelediler. Bu ulgam "Türkmentelekom" EAK-nyň hyzamtlaryny ulanýan müşderleri üçin internet, kabel tw, öý telefony ýaly hyzmatlarynyň sazlamak we gurnamak işlerini tizleşdirmek müňkinçiligini berýär, sargytlara degişli maglumatlar kagyzdan sanly goterijilere geçirildi. Mundan daşary hem sargytlar boýunça maglumatlaryň arhiwlenmegi we olaryň statistikasynyň duzülmegi kämilleşdirildi.
31.12.2020
18.12.2020
14.12.2020
25.11.2020
06.11.2020
26.10.2020
20.10.2020
16.09.2020
25.12.2019
29.11.2019
28.11.2019
28.11.2019
27.11.2019
23.10.2019
21.07.2019
20.05.2019
02.01.2019
26.12.2018
01.12.2018
01.12.2018
11.11.2018
01.11.2018
01.11.2018
08.09.2018
13.06.2018
30.05.2018
02.05.2018
09.03.2018