28.11.2019
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini tamamlady.
«Türkmentel — 2019» halkara forumyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, jemgyýetçilik
guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şu babatda döwlet hyzmatlarynyň we işleriniň ýeke-täk portalynyň işe goýberilmegi ähmiýetli waka boldy. Onuň tanyşdyrylyşy Aşgabatda «Türkmentel — 2019» sergisiniň birinji gününiň barşynda geçirildi.
Elektron döwlet hyzmatlaryndan doly peýdalanmak üçin her bir raýat öz şahsy otagyna registrasiýa arkaly girip biler. Häzirki günde resmi hasaba alnan ulanyjy döwlet hyzmatlarynyň resmi internet-portaly arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa petekleri hem-de beýleki hyzmatlar üçin öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, tölegleri töläp biler.
"Hyzmatlar" penjirejiginde hyzmat ediş ugurlar görkezilen, ýagny:
Bu ugurlar boýunca her bir edara-kärhana ýerine ýetiryän hyzmatlary barada maglumatlary ýerleşdirerler. Bu bolsa öz gezeginde ilatymyz ücin ýerine ýetirilyän dürli görnüşli döwlet hyzmatlarynyň bir web-sahypanyň üsti bilen amala aşyrylmagyna we hyzmatlarynyň hiliniň has-da yokarlanmagyna ýol berer.
04.01.2021
31.12.2020
18.12.2020
14.12.2020
25.11.2020
06.11.2020
26.10.2020
20.10.2020
16.09.2020
25.12.2019
29.11.2019
28.11.2019
28.11.2019
27.11.2019
23.10.2019
21.07.2019
20.05.2019
02.01.2019
26.12.2018
01.12.2018
01.12.2018
11.11.2018
01.11.2018
01.11.2018
08.09.2018
13.06.2018
30.05.2018
02.05.2018
09.03.2018