“Türkmentelekom” ýüridiki şahslar üçin intraneti hödürleýär

26.10.2020

Hormatly müşderiler

“Türkmentelekom” uzak aralykdan işlemek üçin intranet ulgamyny ornaşdyrmak hyzmatlaryny hödürleýär.

Intranet internetden tapawutlylykda, kärhananyň ýa-da iri döwlet edarasynyň şahsy ulgamydyr. Adatça intranet – bu internetiň kiçeldilen görnüşi bolup, ol edaranyň içinde käbir maglumatlary alyşmak we paýlaşmak üçin IP protokolyny ulanmak arkaly gurlan kiçi internetdir.

Hyzmatyň bu görnüşi, Türkmenistanyň içindäki internet ulgamlaryna ýokary tizlikli birikmäge, hem-de ýurduň çägindäki edaralaryň we kärhanalaryň arasynda elektron resminama dolanşygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, internete birikmezden işleri utgaşdyrmak arkaly oňat mümkinçilikleri döredýär.

Intranet ulgamynyň mümkinçilikleri:

  1. Ulanyjyny nirede bolsa-da, kompýuterden ýa-da akylly enjamlardan çeşmä birikmek üçin şahsy hasabyň bolmagy;
  2. Gündelik amallary awtomatlaşdyrmak; bugalteriýa we işgärler bölümlerinden iş ýüküniň aýrylmagy;
  3. Edaranyň ähli işgärlerine öz wagtynda habar bermek üçin gurallar;
  4. Ähli işgärler üçin umumy funksiýa, şeýle-de edaranyň we kärhananyň bölümlerine giriş hukuklaryny bermek ukyby bilen bilelikde;
  5. Dolandyryjylar üçin hasabat döretmek we iş üçin möhüm bolan KPI-leri ýygnamak;
  6. Kompaniýanyň bar bolan maglumat ulgamlary bilen birleşdirilen ulgam;

Täzelikler

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäne taýyn

Habarlaşmak üçin