20.10.2020
Tehniki goldaw hyzmaty, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan gelýän jaňlary kabul edýär.
071 belgä jaň edip, Türkmenistanyň islendik ýerinden, ýaşaýan ýeriňizdäki merkezi operatora haýal etmän birigip bilersiňiz.
Islendik raýat 071 belgä jaň edip biler we:
071 belgä jaň etmek arkaly şulary edip bilersiňiz:
Operatorlarymyz gelýän jaňlara jogap berip, müşderileriň haýyşlaryny degişli bölümlere ibererler. Jaň edýän müşderi diňe gerekli hyzmaty ýa-da näsazlygyň görnüşini düşündirmegi ýeterlikdir. “Birinji tapgyrda” tehniki çylşyrymlylyk derejesine görä müşderiniň islegi kanagatlandyrylýar.
Ýönekeý ýüze çykan näsazlyklar haýal etmän ýerinde çözüler, çylşyrymly näsazlyklar bolsa ýokary bilimli inženerlere iberiler
Müşderilerden gelýän jaňlar awtomatiki usulda ýöredilýär we “Online tehnik” mobil programmasyny ulanýan tehniklere geçirilýär. Kompaniýamyzyň ussat tehnikleri programma arkaly gelýän takyk maglumatlary alarlar, ýagny: müşderiniň salgysy, telefon belgisi şeýle-de düzedilmeli kemçilikleri we ş.m.
Tehnik, salgy boýunça hereket edip, ýüze çykan näsazlyklary düzeder we bu işi tamamlamak üçin akylly programma dört belgili kody girizmeli bolar. Bu koduň siziň, şahsy özüňize beriljekdigini ýatladýarys!
071 tehniki goldaw hyzmaty müşderiler üçin gije-güngiziň dowamynda elýeterlidir. Tejribeli operatorlar “Türkmentelekom” okuw merkezinde ýörite bilim we tälim aldylar.
04.01.2021
31.12.2020
18.12.2020
14.12.2020
25.11.2020
06.11.2020
26.10.2020
20.10.2020
16.09.2020
25.12.2019
29.11.2019
28.11.2019
28.11.2019
27.11.2019
23.10.2019
21.07.2019
20.05.2019
02.01.2019
26.12.2018
01.12.2018
01.12.2018
11.11.2018
01.11.2018
01.11.2018
08.09.2018
13.06.2018
30.05.2018
02.05.2018
09.03.2018