“TürkmenTel-2020” XIII Halkara onlaýn konferensiýasynyň gysgaça mazmuny.

25.11.2020

24-25-nji noýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi we “Summit Conferences” (Beýik Britaniýa) tarapyndan, Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti we innowasiýa tehnologiýalary boýunça XIII halkara onlaýn konferensiýasy geçirildi. Maslahatyň esasy hemaýatkäri “Nokia” halkara korparasiýasy boldy.

Konferensiýa, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we dürli edaralaryň wekilleri türkmen tarapyndan gatnaşdy, ýagny: “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Kosmos dolandyryşy bölümi, “Altyn Asyr ÝGPJ” we “Türkmen Hemrasy ÝGPJ” şeýle-de Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika instituty we ş.m.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda: “Nokia”, “Space Systems International”, “Thales Alenia Space”, “Wide Network Solution”, “Rostelekom”, “Azertelekom”, “Delta Telekom”, «Wostoçny weter”, Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigi, “Huawei Technologies Co Ltd”, “EMEA” sebitiniň kosmos operatorlarynyň birleşmesi, Ýewropanyň Sazlaýyş standartlary instituty, “NTT DATA”, “ICANN”, “RIPE NCC”, “BI.ZONE” ýaly kompaniýalar we edaralar bar.

Maslahat Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri konferensiýa onlaýn ýagdaýda gatnaşdylar.

Maslahatyň geçen iki gününde aragatnaşyk pudagynda innowasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýlelik bilen, ilkinji iki sessiýanyň dowamynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň çäginde hemra aragatnaşygynyň ösüşiniň geljegi, şeýle hem ilkinji Türkmen hemrasy “TürkmenÄlem” emeli hemrasynyň işi we beýleki ýerli emeli hemralaryny uçurmagyň mümkinçilikleri barada hasabat taýýarlandy.

Maslahatyň ikinji güni, ykjam we durnukly aragatnaşygy ösdürmäge, kiberhowpsuzlygy we umumy howplara garşy göreşmeklik barada maslahatlaşmaga bagyşlandy.

“Türkmen Hemrasy ÝGPJ”, “Nokia”, “Monako SAT” we “NTT DATA” ýaly kompaniýalar konferensiýalaryň hersine hemaýatkärlik etdi.

Daşary ýurtly gatnaşyjylar, “Türkmentel-2020” konferensiýasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň barlygyny, hususan-da enjamlar bilen şeýle-de konferensiýany internet aragatnaşygy bilen üpjün eden “TürkmenTelekom” EAK-nyň wezipesiniň uludygyny bellediler. Şeýle hem, gatnaşyjylar mundan beýle hyzmatdaşlyga we häzirki zaman aragatnaşygyny ösdürmekde tejribe alyşmaga umyt baglaýandyklaryny aýtdylar.

Täzelikler

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäne taýyn

Habarlaşmak üçin