14.12.2020
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara sergisine «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy hem ýakyndan gatnaşýar.
Halkara serginiň dowamynda kompaniýanyň hünärmenleri «Sanly.tm» atly täze elektron poçtasynyň işleýşi bilen doly tanyşdyrdylar.
«Sanly.tm» täze milli elektron poçtasydyr. Bu kämil poçtanyň işini hem «Türkmentelekom» elektron aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri işläp düzdüler.
«Sanly.tm», häzirki zaman poçta hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän modullary öz içine alýar. Şol bir wagtyň özünde ol milli äheňdäki dizaýna eýe. Bu ýerde bir ulanyja berilýän poçta gutusynyň ululygy 1 GB-deň.
Täze milli poçta bize asyl maksadyndan başga-da, senenama, salgy, ýazgylar ýaly başga-da funksiýalary öz içine alýar. Fiziki şahslar elektron poçta hyzmatyndan mugt peýdalanyp bilerler.
Şeýle-de, korporatiw poçtasyny işläp taýýarlamak babatynda işler alnyp barylýar we ýakyn wagtda ýuridiki şahslar üçin elektron poçtasynda hasap açmak mümkinçiligi dörediler.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň döwrebap mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmagyň özboluşly sahypasyna öwrüldi.
11.05.2022
01.05.2022
28.04.2022
22.04.2022
18.03.2022
20.12.2021
11.11.2021
30.10.2021
26.10.2021
08.10.2021
27.09.2021
14.09.2021
02.04.2021
01.04.2021
01.02.2021
04.01.2021
31.12.2020
18.12.2020
14.12.2020
25.11.2020
06.11.2020
26.10.2020
20.10.2020
16.09.2020
26.12.2019
29.11.2019
29.11.2019
28.11.2019
28.11.2019
24.10.2019
22.07.2019
21.05.2019
02.01.2019
26.12.2018
01.12.2018
01.12.2018
11.11.2018
01.11.2018
01.11.2018
08.09.2018
13.06.2018
30.05.2018
02.05.2018
09.03.2018