01.04.2021
"Türkmentelekom" EAK-sy «JAN Tehnologiýa" hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde "Belet Film" hyzmatyny hödürleýär
Täze “Belet Film” hyzmatynyň kömegi bilen filmleri we seriýallary tomaşa etmek has aňsatlaşdy. Hyzmat filmleriň, teleseriýallaryň, multfilmleriň ýygyndysy bolan onlaýn- kinoteatrdyr.
Filmleriň sany yzygiderli köpelýär we ýakyn wagtda dünýä klassik filmlerinden başlap, 2021-nji ýylyň täze önümlerine çenli 5000-den gowrak dürli žanrlardaky film we seriýallar elýeterli bolar. Bu hyzmat enjama däl-de, internet liniýasyna birikdirilýär. Bu, bir maşgala agzalarynyň hemmesiniň bu hyzmatdan peýdalanyp biljekdigini aňladýar. Sekuntda 8 megabite çenli tizlik, şol bir wagtyň özünde birnäçe enjamdan onlaýn film görmäge mümkinçilik berer. Abuna ýazylyş bahasy aýda 30 manat, hyzmaty abonentiň şahsy otagynda, şeýle hem "Turkmentelekom" EAK-nyň abonent bölümlerinde birikdirip bilersiňiz. Hyzmat diňe bir Android we iOS däl, kompýuterden görmek üçin web wersiýasy hem häzirki wagtda film.belet.com.tm sahypasynda işlenip düzülýär. Onlaýn- kinoteatryň WEB wersiýasy ýakyn wagtda elýeterli bolar. Enjamyň ýadyna film göçürip, internetsiz film görmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan.
Hyzmat täze işe girizilendigi sebäpli, belki-de ulanyjylaryň hemmesi gözleýän zadyny tapyp bilmez, beýle ýagdaýlar üçin biziň belet@online.tm salgymyza e-poçta iberip bilersiňiz. Filmiň ýada seriýalyň adyny ýazyň, Belet Film topary gysga wagtda siziň islegleriňizi kanagatlandyrar.
Habarlaşmak üçin:
Maglumat merkezi: 071
IMO: +993 61 392241
IG: @beletvideo
belet@online.tm
11.05.2022
01.05.2022
28.04.2022
22.04.2022
18.03.2022
20.12.2021
11.11.2021
30.10.2021
26.10.2021
08.10.2021
27.09.2021
14.09.2021
02.04.2021
01.04.2021
01.02.2021
04.01.2021
31.12.2020
18.12.2020
14.12.2020
25.11.2020
06.11.2020
26.10.2020
20.10.2020
16.09.2020
26.12.2019
29.11.2019
29.11.2019
28.11.2019
28.11.2019
24.10.2019
22.07.2019
21.05.2019
02.01.2019
26.12.2018
01.12.2018
01.12.2018
11.11.2018
01.11.2018
01.11.2018
08.09.2018
13.06.2018
30.05.2018
02.05.2018
09.03.2018