14.09.2021
2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl bolýar. Biz Sizi Türkmenistanyň baş baýramy – Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, ýagny 1993-nji ýylyň 7-nji aprelinde döredilen «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy geçen ýyllaryň dowamynda öz müşderilerine hyzmatlaryň döwrebap, täze görnüşlerini yzygiderli hödürledi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny arşa göteren hem-de jemgyýetimizi beýik maksatlaryň töweregine birleşdiren başga-da ençeme giň gerimli işler amala aşyryldy. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz möhüm ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalar bilen şöhratlandy.
Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi.
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy Sizi şanly Garaşsyzlygymyzyň 30-ýyllyk baýramy bilen gutlaýar. Janyňyz sag, işleriňiz rowaçlyklara beslensin!
11.05.2022
01.05.2022
28.04.2022
22.04.2022
18.03.2022
20.12.2021
11.11.2021
30.10.2021
26.10.2021
08.10.2021
27.09.2021
14.09.2021
02.04.2021
01.04.2021
01.02.2021
04.01.2021
31.12.2020
18.12.2020
14.12.2020
25.11.2020
06.11.2020
26.10.2020
20.10.2020
16.09.2020
26.12.2019
29.11.2019
29.11.2019
28.11.2019
28.11.2019
24.10.2019
22.07.2019
21.05.2019
02.01.2019
26.12.2018
01.12.2018
01.12.2018
11.11.2018
01.11.2018
01.11.2018
08.09.2018
13.06.2018
30.05.2018
02.05.2018
09.03.2018