«Aşgabat» SDAM-de çäksiz Wi-Fi hyzmaty ýola goýuldy

27.09.2021

Şu ýylyň 26-njy sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda açylyp ulanylmaga berlen «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde bu ýere gelýän myhmanlar üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlar hödürlenýär. Bu ýere gelýän aşgabatlylara we onuň myhmanlaryna hödürlenýän hyzmaty has-da kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenaragtnaşyk» agentliginiň “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan çäksiz Wi-Fi ulgamy ornaşdyryldy. Täze ýer eýýäm kompaniýanyň web sahypasyndaky interaktiw karta hem goşuldy. Bu bolsa söwda-dynç alyş merkezinde müşderilere edilýän hyzmatyň kämilleşdirilýändigine şaýatlyk edýär.

Müşderiler söwda-dynç alyş merkezinde ýola goýlan çäksiz Wi-Fi internet ulgamyna birikmdek üçin ýüze çykýan internet torlarynyň arasyndan TELECOMWIFI salgysyny saýlamak gerek. Haçan-da ulanyjy görkezilen tory saýlandan soň, Wi-Fi torunyň giriş sahypasy açylýar.

Söwda-dynç alyş merkezinde çäksiz Wi-Fi tehnologiýasyndan peýdalanýan fiziki şahslar internete giriş hyzmatlarynyň häzirki nyrhnamalaryny şu ýerden tapyp bilerler. «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde ýola goýlan çäksiz internetiň tizligi bir ulanyjy üçin 3 mbit/sekunda barabardyr.

.

Täzelikler

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäne taýyn

Habarlaşmak üçin