«Türkmentel — 2021» XIV halkara maslahaty öz işine başlady

11.11.2021

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Geçen ýyl bolşy ýaly, bu çäre üstümizdäki ýylda hem wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn, şeýle-de adaty tertipde geçirilýär.

«Türkmentel» halkara maslahaty ýurdumyzda eýýäm 12 ýyl bäri geçirilip, ýylyň möhüm çäresine öwrüldi. Gysga döwrüň dowamynda bu çäre Türkmenistanyň telekommunikasiýa tehnologiýalary bilen gyzyklanýan raýatlary üçin wajyp waka bolup, sebit we halkara derejesinde geçirilýän esasy sergileriň we maslahatlaryň derejesine ýetdi. Ýurdumyzyň döwrebap tehnologik ösüşini aýdyň görkezýän bu onlaýn maslahatyň baş maksady aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary we teleradiogepleşikleri çygrynda gazanylan üstünlikleri, bu pudaklardaky dünýäniň häzirki zaman gazananlaryny, şeýle-de aragatnaşyk we IT-hyzmatlarynyň geljegi baradaky gözýetimleri halk köpçüligine ýetirmekdir.

Halkara maslahatyň dowamynda oňa gatnaşýanlar maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary pudagynda alnyp barylýan täzeçil barlaglar bilen tanyşdyrylar, kiberhowpsuzlyk, ykdysadyýetiň we telekeçiligiň dürli ugurlary üçin sanly çözgütleri durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Bulardan başga-da, telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahatynyň çäklerinde «robot-tehnikasy», «saglygy goraýyş», «senagat, ulag we logistika», «ylym we bilim», «hyzmatlar ulgamy», «oba hojalygy» ýaly ugurlar boýunça geçirilýän «Sanly çözgüt — 2021» bäsleşiginiň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşýarlar. Olar bäsleşige programmirlemek, web dizaýny, saýtlary döretmek we dolandyrmak, IT önümçiligini döretmek bilen bagly taslamalaryny hödürlediler.

Täzelikler

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäne taýyn

Habarlaşmak üçin