20.12.2021
“Türkmentelekom” Elektroaragatnaşyk kärhanasy Sizi ýetip gelýän 2022-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýar!
Size bagt we abadançylyk, üstünlikler we şähdaçyklyk, döredijilikli sepgitleri we ähli başlangyçlaryňyzda şowlulyk arzuw edýäris!
Şu ýyl biziň üçin “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçdi we ähli pudaklarda öňe gidişlige we ösüşe ymtylýan döwletimiz üçin ähmiýetli döwür boldy. Şu ýyl biz şöhratly senelerimizi – Aşgabadyň 140 ýyllygyny we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçdik. Halkymyz birlik we jebislik ruhunda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 26-njy ýylyny uly buýsanç bilen belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly yglan edilen şu ýyl ýurdumyzyň taryhy ýyl ýazgysyna täze ajaýyp ýazgylary ýazdy.
Türkmenistan abraýly halkara guramalary we beýleki ýurtlaryň hökümetleri bilen özara hyzmatdaş gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek bilen döwletimiziň sebitde we umumy dünýäde dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, ykdysady, medeni we gumanitar hyzmatdaşlyga ýardam edendigini bellemek zerur.
Öz gezeginde “Türkmentelekom” EAK-nyň 2021-nji ýylda ilata edilen hyzmatlar pudagyndaky gazanan üstünliklerini bellemek hem şatlandyrýar. Döwür bilen aýakdaş bolmak üçin “Türkmentelekom” öz hyzmatlaryny elýeterli we hilli edip, hyzmatlar gerimini giňeltdi. Mysal üçin, ýylyň başynda internet hyzmatlaryna bahalar peseldildi. “Jan Tehnologiýa” Hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde täze hyzmatlar – “Belet Film” onlaýn-kinoteatry, şeýle hem KVM (Kernel-based Virtual Machine) hyzmaty işe girizildi. 1-nji noýabrdan başlap, kompaniýamyz döwlet kärhanalary we guramalary, hususy telekeçiler, döwlet pudagyna degişli däl daşary ýurt maýasy bolmadyk ýuridiki şahslar üçin Colocation hyzmatlaryna bahalary peseltdi.
Tutuş ýylyň dowamynda “Türkmentelekom” iri döwlet çärelerini Wi-Fi elýeterlilik nokatlary bilen üpjün etdi, şeýle hem täze “Aşgabat” Söwda-dynç alyş merkezinde ýokary tizlikli internet bilen Wi-Fi ulgamyny girizdi.
“Türkmentelekom” EAK öz hyzmatlaryny yzygiderli gowulandyryp we giňeldip, mydama ýanyňyzda boljagyny kepillendirýär.
Her aýyň 1-nji gününde internet we hosting hyzmatlary üçin tölegiň tutulyp alynýandygyny ýatladýarys, şonuň üçin hasabyňyzy deslapdan doldurmagyňyzy haýyş edýäris.
11.05.2022
01.05.2022
28.04.2022
22.04.2022
18.03.2022
20.12.2021
11.11.2021
30.10.2021
26.10.2021
08.10.2021
27.09.2021
14.09.2021
02.04.2021
01.04.2021
01.02.2021
04.01.2021
31.12.2020
18.12.2020
14.12.2020
25.11.2020
06.11.2020
26.10.2020
20.10.2020
16.09.2020
26.12.2019
29.11.2019
29.11.2019
28.11.2019
28.11.2019
24.10.2019
22.07.2019
21.05.2019
02.01.2019
26.12.2018
01.12.2018
01.12.2018
11.11.2018
01.11.2018
01.11.2018
08.09.2018
13.06.2018
30.05.2018
02.05.2018
09.03.2018