18.03.2022
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň arasynda özara düşünişmek baradaky Memorandumyna gol çekildi.
Şunlukda, döwlet dolandyryşynyň sanlylaşdyrmak ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär. Türkmenistanda pudagara elektron aragatnaşygyň ulgamy ornaşdyrylar we munuň doly durmuşa geçirilmegi üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdiriler hem-de bu ugurda halkara tejribesi çekiler.
Memoranduma gol çekilmegi “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” we “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” kesgitlenen sanlylaşdyrmak işinde ileri tutulýan milli ugurlaryň durmuşa geçirilmegine itergi berer. Şunuň bilen birlikde, özara düşünişmek baradaky Memorandum BMGÖM-iň sanly ulgamyň global ösüşini çaltlandyrmakdaky tagallalaryna ýardam eder.
11.05.2022
01.05.2022
28.04.2022
22.04.2022
18.03.2022
20.12.2021
11.11.2021
30.10.2021
26.10.2021
08.10.2021
27.09.2021
14.09.2021
02.04.2021
01.04.2021
01.02.2021
04.01.2021
31.12.2020
18.12.2020
14.12.2020
25.11.2020
06.11.2020
26.10.2020
20.10.2020
16.09.2020
26.12.2019
29.11.2019
29.11.2019
28.11.2019
28.11.2019
24.10.2019
22.07.2019
21.05.2019
02.01.2019
26.12.2018
01.12.2018
01.12.2018
11.11.2018
01.11.2018
01.11.2018
08.09.2018
13.06.2018
30.05.2018
02.05.2018
09.03.2018