28.04.2022
"Türkmentelekom" Elektrik aragatnaşyk kompaniýasy 2022-nji ýylyň 1-nji maýyndan täze hyzmaty - fiziki serweri tölegli esasda ulanyşa bermek hyzmatyny ýola goýar.
Bu artýan ýükli taslamany, şeýle hem zerurlyklaryňyza görä sazlamak ukyby bolan we köp sanly sahypany ýerleşdirmegiň amatly we tygşytly usulydyr. Hyzmatyň bir bölegi hökmünde, ýöriteleşdirilen maglumat merkezinde ýerleşýän saýlanan konfigurasiýanyň aýratyn fiziki serweri üpjün edilýär.
Müşderi serweriň programma üpjünçiligini we apparat böleklerini dolandyrmak üçin çäklendirmesiz doly administratiw ygtyýar alýar.
Aragatnaşyk kanalynyň kuwwatly hasaplaýyş güýji we ýokary zolakly giňligi aýratyn serwerde islendik çylşyrymly taslamalary ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär: onlaýn dükanlardan we köp isleg bildirilýän forumlardan poçta serwerlerine we maglumatlar bazasynyň serwerlerine çenli.
Kärende nyrhy:
Internet taslamaňyzyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi fiziki serweriň kuwwatyna we dogry konfigurasiýasyna baglydyr.
Bu parametrler aýratyn konfigurasiýa talaplary bilen uly göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýeti bardyr. Aýratyn serwerde maglumatlary ýerleşdirmek, işiň netijeliligini we öndürijiligini ep-esli ýokarlandyrmaga, şeýle hem möhüm maglumatlary üçünji taraplardan ygtybarly goramaga mümkinçilik berýär.
Fiziki serweriň bahasy aýda 1958-den 4885 TMT-e çenli üýtgeýär - bu saýlan kompýuteriňiziň parametrlerine baglydyr. Fiziki serwer maglumat merkezimizde dürli prosessorly, RAM we HDD / SSD diskleri, şeýle hem IP adresleriniň sany bolan onlarça kompýuter bar.
Şoňa laýyklykda, bahalaryň we berilýän hyzmatlaryň hiliniň deňagramlylygy bilen, iň amatly nyrh meýilnamasyny saýlap bilersiňiz.
Haýsy ýagdaýlarda size aýratyn serwer gerek bolar:
Bu çözgüdiň artykmaçlyklary:
11.05.2022
01.05.2022
28.04.2022
22.04.2022
18.03.2022
20.12.2021
11.11.2021
30.10.2021
26.10.2021
08.10.2021
27.09.2021
14.09.2021
02.04.2021
01.04.2021
01.02.2021
04.01.2021
31.12.2020
18.12.2020
14.12.2020
25.11.2020
06.11.2020
26.10.2020
20.10.2020
16.09.2020
26.12.2019
29.11.2019
29.11.2019
28.11.2019
28.11.2019
24.10.2019
22.07.2019
21.05.2019
02.01.2019
26.12.2018
01.12.2018
01.12.2018
11.11.2018
01.11.2018
01.11.2018
08.09.2018
13.06.2018
30.05.2018
02.05.2018
09.03.2018