01.05.2022
"Türkmentelekom" EAK-sy domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýändigini habar berýär. Korporatiw poçta döretmek üçin,salgylanmadaky anketany doldurmak zerurdyr.
Korporatiw poçta birikdirmek nämä gerek?
Ýatdan çykmajak salgylary döretmek üçin, korporatiw poçta birikdiriň. Edara-kärhananyň adyny, işgäriň familiýasyny ýa-da başga bir sözi korporatiw poçtaňyzda ulanyň.
Korporatiw poçta baglamak üçin web sahypasy gerekmi?
Korporatiw poçta baglamak üçin size web sahypa döretmäge mejbur etmeýär, diňe domeniňizi hasaba almaly bolarsyňyz (Turkmendomen HJ-de bellige alnyp bilner - turkmendomain.com.tm). Domen, internetde sanly.tm ýa-da telecom.tm ýaly salgydyr
Korporatiw poçtada näçe elektron bukja döredip bolýar?
Korporatiw poçtany domeniňiz bilen hasaba alanyňyzdan soň, edara-kärhananyň her bir işgäriniň öz salgysy bolmagy üçin çäklendirilmedik poçta bukjalaryny döredip bilersiňiz.
Korporatiw poçtaň artykmaçlyklary:
- müşderileriň ynamy. Satyn alyjylar edara-kärhanalaryň öz salgysyndan däl-de mugt poçta (gmail.com, mail.ru, yandex.ru we ş.m.) hyzmatlarynyň domeninden ýazýan kompaniýalar bilen iş çalyşmakdan gorkýarlar.
- oňaýlylyk. Ulanyja mugt poçta hyzmatlarynda hasaba alnan adrese garanyňda korporatiw poçta salgyňyzy ýatda saklamak has aňsat. Meselem, AmanWebsite87@gmail.com salgysyna garanyňda, admin@company.tm poçta bukjasyna hatlary ugratmak has aňsat.
11.05.2022
01.05.2022
28.04.2022
22.04.2022
18.03.2022
20.12.2021
11.11.2021
30.10.2021
26.10.2021
08.10.2021
27.09.2021
14.09.2021
02.04.2021
01.04.2021
01.02.2021
04.01.2021
31.12.2020
18.12.2020
14.12.2020
25.11.2020
06.11.2020
26.10.2020
20.10.2020
16.09.2020
26.12.2019
29.11.2019
29.11.2019
28.11.2019
28.11.2019
24.10.2019
22.07.2019
21.05.2019
02.01.2019
26.12.2018
01.12.2018
01.12.2018
11.11.2018
01.11.2018
01.11.2018
08.09.2018
13.06.2018
30.05.2018
02.05.2018
09.03.2018