Türkmenistanyň Prezidenti Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylary gutlady

11.11.2018

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy mynasybetli Gutlag hatyny iberdi. Gutlagda: «Türgenler — parahatçylygyň ilçileridir. Siz Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda öz ussatlygyňyz hem-de erkiňiz bilen adalatly bäsleşikde olimpiýanyň belent maksatlaryny ösdürmelisiňiz!» diýlip bellenilýär.

Şeýle-de, Gutlagda: « Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşlary, şeýle hem «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi üstünlikli geçirildi. Bu gün bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany giň möçberli halkara derejedäki sport ýaryşlaryny guramaga ukyply ýurt hökmünde dünýä tanadýar!» diýlip nygtalýar.

Bu aýdylanlar Türkmenistanyň häzirki wagtda sport ýurdy hökmündäki abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Aşgabat 2018 Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyna hemaýatkärlik "Türkmentelekom" DEAK üçin işlerini bilelikde amala aşyrýan jemgyýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülmek boýunça güýçlendirilýän çäreleri bilen bilelikde, türkmen sportuny ösdürmekde ýene bir adimdir.

Çeşme: ashgabat2018.com

Täzelikler

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäne taýyn

Habarlaşmak üçin