20.12.2021
Hormatly ildeşler! “Türkmentelekom” Elektroaragatnaşyk kärhanasy Sizi ýetip gelýän 2022-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Size bagt we abadançylyk, üstünlikler we şähdaçyklyk, döredijilikli sepgitleri we ähli başlangyçlaryňyzda şowlulyk arzuw edýäris! Şu ýyl biziň üçin “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçdi we ähli pudaklarda öňe gidişlige we ösüşe ymtylýan döwletimiz üçin ähmiýetli döwür boldy. Şu ýyl biz şöhratly senelerimizi – Aşgabadyň 140 ýyllygyny we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçdik. Halkymyz birlik we jebislik ruhunda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 26-njy ýylyny uly buýsanç bilen belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly yglan edilen şu ýyl ýurdumyzyň taryhy ýyl ýazgysyna täze ajaýyp ýazgylary ýazdy. Türkmenistan abraýly halkara guramalary we beýleki ýurtlaryň hökümetleri bilen özara hyzmatdaş gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek bilen döwletimiziň sebitde we umumy dünýäde dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, ykdysady, medeni we gumanitar hyzmatdaşlyga ýardam edendigini bellemek zerur. Öz gezeginde “Türkmentelekom” EAK-nyň 2021-nji ýylda ilata edilen hyzmatlar pudagyndaky gazanan üstünliklerini bellemek hem şatlandyrýar. Döwür bilen aýakdaş bolmak üçin “Türkmentelekom” öz hyzmatlaryny elýeterli we hilli edip, hyzmatlar gerimini giňeltdi. Mysal üçin, ýylyň başynda internet hyzmatlaryna bahalar peseldildi. “Jan Tehnologiýa” Hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde täze hyzmatlar – “Belet Film” onlaýn-kinoteatry, şeýle hem KVM (Kernel-based Virtual Machine) hyzmaty işe girizildi. 1-nji noýabrdan başlap, kompaniýamyz döwlet kärhanalary we guramalary, hususy telekeçiler, döwlet pudagyna degişli däl daşary ýurt maýasy bolmadyk ýuridiki şahslar üçin Colocation hyzmatlaryna bahalary peseltdi. Tutuş ýylyň dowamynda “Türkmentelekom” iri döwlet çärelerini Wi-Fi elýeterlilik nokatlary bilen üpjün etdi, şeýle hem täze “Aşgabat” Söwda-dynç alyş merkezinde ýokary tizlikli internet bilen Wi-Fi ulgamyny girizdi. “Türkmentelekom” EAK öz hyzmatlaryny yzygiderli gowulandyryp we giňeldip, mydama ýanyňyzda boljagyny kepillendirýär. Her aýyň 1-nji gününde internet we hosting hyzmatlary üçin tölegiň tutulyp alynýandygyny ýatladýarys, şonuň üçin hasabyňyzy deslapdan doldurmagyňyzy haýyş edýäris.
11.05.2022
"Türkmentelekom" EAK hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanyň radio ýaýlymlaryny diňlemek üçin döredilen mobil goşundysy Google Play we App store internet dükanlarynda elýeterli
01.05.2022
"Türkmentelekom" EAK-sy domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýändigini habar berýär
28.04.2022
"Türkmentelekom" EAK-niň täze hyzmaty - fiziki serweriň kärendesi
22.04.2022
Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin telefon ulgamyna onlaýn-töleg etmek hyzmaty ýola goýuldy
18.03.2022
Türkmenistan we BMGÖM: Sanlylaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk
11.11.2021
«Türkmentel — 2021» XIV halkara maslahaty öz işine başlady
30.10.2021
“Türkmentelekom” EAK-yň kolokasiýa hyzmatynyň nyrhlary arzanlady
26.10.2021
Türkmenistan bilen Gazagystan, özara telekommunikasiýa ulgamlaryny birikdirmek boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekdi
08.10.2021
Russiýa Federasiýasynyň «Yandex» kompaniýasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi
27.09.2021
«Aşgabat» SDAM-de çäksiz Wi-Fi hyzmaty ýola goýuldy
14.09.2021
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy Sizi ýene bir ýola Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlaýar
02.04.2021
Türkmenistan bilen Russiýa aragatnaşyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekçi
01.04.2021
Täze “Belet Film” hyzmatynyň kömegi bilen filmleri we seriýallary tomaşa etmek has aňsatlaşdy
04.01.2021
Türkmentelekom täze KVM hyzmatyny we Kolokasiýa üçin arzanladyşy hödürleýär
31.12.2020
Ýetip gelýän Täze 2021-nji ýyl baýramyňyz gutly bolsun
18.12.2020
Türkmenistanda "Sanly.tm" atly milli elektron-poçta hödürlendi
14.12.2020
«Türkmentelekom» Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergä gatnaşdy
25.11.2020
“TürkmenTel-2020” XIII Halkara onlaýn konferensiýasynyň gysgaça mazmuny.
06.11.2020
“Türkmentelekom” döwlet edaralary we guramalary üçin nyrh meýilnamalarynyň bahalaryny arzanlatdy
26.10.2020
“Türkmentelekom” ýüridiki şahslar üçin intraneti hödürleýär
20.10.2020
“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy öz müşderilerine 071 tehniki goldaw hyzmatyny ýola goýdy.
16.09.2020
“Türkmentelekomyň” «Colocation» hyzmatynyň artykmaçlyklary
26.12.2019
Ýetip gelýän Täze 2020-nji ýyl baýramyňyz gutly bolsun!
29.11.2019
Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly işe girizildi
29.11.2019
Ilat üçin trafigiň çäklendirilmedik görnüşinde täze nyrhnama
28.11.2019
Türkmenistan — Azerbaýjan Respublikasy arkalaşyp Hazaryň düýbünde optika-süýmlerini ulanmak boýunça ylalaşygy gol çekildi
28.11.2019
"Türkmentel-2019" halkara sergisi tamamlandy
24.10.2019
«Türkmentel-2019» halkara sergisi
22.07.2019
Biziň web sahypymyzda domen anyklamak mümkinçiligi döredildi
21.05.2019
Satyn almak barada ýörite habar
02.01.2019
Internet hasabyňy doldurmagyň täze usuly
26.12.2018
Ýetip gelýän Täze 2019-njy ýyl baýramyňyz gutly bolsun!
01.12.2018
Şahsy otagda internet nyrhnama meýilnamasynyň üýtgemesiniň instruksiýasy
01.12.2018
"Türkmentelekom" DEAK-nyň hyzmatlaryny sazlamak işleri boýunça onlaýn sargyt kabul edilişi
11.11.2018
Türkmenistanyň Prezidenti Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylary gutlady
01.11.2018
Edara kärhanalar we telekeçiler üçin täze nyrhnamalar
01.11.2018
Ilat üçin trafigiň çäklendirilmedik görnüşinde täze nyrhnama
08.09.2018
Ilat üçin trafigiň möçberiniň çäklendirilmedik görnüşinde täze nyrhnamalar
13.06.2018
Bölünip berlen wirtual serwerleriň täze nyrhnamalary
30.05.2018
Çäksiz Wi-Fi ulgamynyň jemgyýetçilik ýerlerinde ulanmagyň täze nyrhnamalary
02.05.2018
Ýuridiki şahslar üçin täze nyrhnamalar
09.03.2018
Türkmenistanyň bank kartlarynyň üsti bilen öz şahsy “Töleg kody” esasynda hasaplaşyk geçirmäge mümkinçiligiňiziň bardygyny “Türkmentelekom” DEAK-sy Siziň dykgatyňyza ýetirýär