11.02.2025
10-njy fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Gahryman Arkadagymyz we Prezident Masud Pezeşkian mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, öz adyndan hem-de Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, dostlukly eýran halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Eýranyň döwlet Baştutanyna hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny ýetirdi.
Dostlukly ýurduň Prezidenti hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Eýranda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dürli ugurlarda özara gatnaşyklar alnyp barylýar. Ýurtlarymyz ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa ýaly möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek teklip edildi. Şu ýyl Türkmenistan üçin şanly wakalara beslenýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň teklibi esasynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjyny doly goldandygy we bu Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş edendigi üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, ýurdumyzyň hem Eýranyň halkara giňişlikdäki işlerine uly hormat goýýandygyny we goldaýandygyny nygtady.
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy şu ýylyň iň esasy çäreleriniň biri bolar. Milli Liderimiz forumyň geçiriljek gününde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigini aýdyp, Prezident Masud Pezeşkiany halkara Liderler forumyna we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy hem-de onuň bu çärelere gatnaşmagynyň forumyň üstünlikli geçirilmegine uly goşant boljakdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýakyn wagtda resmi çakylyk hatynyň iberiljekdigini aýdyp, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly babatdaky tagallalaryny Eýranyň hem goldajakdygyna berk ynam bildirip, bu ugurda bilelikdäki çäreleri geçirmek barada maslahatlaşmagy teklip etdi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilmegini goldaýandygyny tassyklap, şu maksat bilen, ýakyn günlerde ýurdumyzyň daşary işler ministrini sapar bilen Eýrana ibermegi teklip etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky meselä ünsi çekip, geçen ýylyň awgustynda Eýrana amala aşyran iş saparynyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, soňra oktýabrda Prezident Masud Pezeşkianyň Aşgabada bolan saparynda bu gepleşikleriň dowam etdirilendigini belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdylyp, bu mümkinçilikleri doly ulanmak teklip edildi. Şu nukdaýnazardan, Milli Liderimiz ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi we onuň gün tertibine Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda energetika, ulag, senagat we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumynyň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Ýurtlarymyz ýangyç-energetika pudagynda köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýärler diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen “swap” usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ibermek boýunça “BOTAŞ” kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz elektroenergetika pudagyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň taslamasynyň “Mary” döwlet elektrik bekedinden Eýranyň serhedine çenli aralygyny gurmak barada teklibi berendigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bu babatda eýran tarapy bilen gepleşikler geçirildi we degişli hukuk resminamasyna gol çekildi. Taslamanyň eýran kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.
Ulag pudagy hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan we Eýran Aziýa bilen Ýewropanyň, Hazar deňzi bilen Pars aýlagynyň arasynda geografik taýdan amatly ýerleşýär. Bu bolsa iki döwlet üçin ulag-logistika ulgamynda örän netijeli hyzmatdaşlyga ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli çekiljek awtomobil ýolunyň ähmiýeti nygtaldy. Bu taslamany amala aşyrmak üçin degişli Ähtnama gol çekildi. Taslama boýunça eýran kompaniýasy potratçy bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, degişli döwlet edaralaryna, kompaniýalara bu taslamany durmuşa geçirmek üçin tabşyryk bermek teklip edildi.
Gahryman Arkadagymyz suw meselesine ünsi çekip, bu meseläniň sebitimiz üçin örän wajyp ähmiýete eýedigini aýtdy. Men geçen ýylyň dekabrynda Er-Riýad şäherinde geçirilen “Bitewi suw” sammitinde Türkmenistanyň suw meselelerine bolan garaýşyny açyk beýan etdim. Bu meselede üç sany esasy ýörelgä esaslanmak gerek. Birinjiden, halkara hukugyň kadalaryny berjaý etmek; ikinjiden, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmak; üçünjiden, bu meselä halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagydyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we sebitiň suw meselelerini çözmek üçin Türkmenistan bilen Eýranyň bilelikde iş alyp barmagyny teklip etdi.
Hormatly Arkadagymyz ýene-de bir möhüm meselä — Hazar deňzindäki häzirki ýagdaýlara ünsi çekdi. Ýurtlarymyz bu ugurda ikitaraplaýyn we bäştaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi. Şu ýylyň 17-18-nji fewralynda Tähranda üçünji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýet gatnaşar diýip, Milli Liderimiz aýtdy we forumyň Hazar deňziniň ykdysady, durmuş, ekologiýa, ynsanperwer meselelerini çözmäge gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurtlarymyz bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk saklaýarlar, özara Medeniýet günleri we beýleki çäreler yzygiderli esasda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu tejribäni mundan beýläk-de dowam etdirmek teklip edildi. Geçen ýyl beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenildi. Bu şanly sene mynasybetli Eýranda hem bilelikdäki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we munuň üçin eýran tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşler edebiýat we sungat ugurlarynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegiň, bu babatda iki ýurduň görnükli taryhy, edebi şahsyýetleriniň, tanymal sungat wekilleriniň ömri-döredijiligi hakynda maslahatlary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň, hususan-da, tebigy bilimler, ýokary tehnologiýalar babatda tejribe alyşmagyň möhümdigine üns çekildi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, bu söhbetdeşligiň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.
24.03.2025
Bilim ministrligine “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
24.03.2025
BMTU-a okuwa girmek mümkinçiliigi: türkmenistanly dalaşgärler üçin Aşgabatda söhbetdeşlikler geçiriler
24.03.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepdäniň dowamynda 13 geleşik baglaşyldy
24.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň güni mynasybetli gutlag iberdi
24.03.2025
Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlady
23.03.2025
BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kararnamany kabul etdi
23.03.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi
23.03.2025
“Nowruz ýaýlasynda” Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden garşylandy
22.03.2025
Daşary ýurt ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlaýarlar
22.03.2025
Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi
21.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Nowruz güni bilen gutlady
21.03.2025
Türkmenistan “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyň çäklerindäki sergä gatnaşar
21.03.2025
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
21.03.2025
Turkish Airlines Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça gatnawlaryñ sanyny köpeldýär
21.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi mynasybetli, iş kesilen 321 raýatyň günäsini geçdi
21.03.2025
Türkmenistan Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyna ilçi belledi
20.03.2025
Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynda Irlandiýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
20.03.2025
Türkmen diplomaty Pakistanyň federal nebit ministri bilen duşuşdy
20.03.2025
Türkmenistanyň daşary işler ministri GEEÝF-iň Baş sekretary bilen gepleşikleri geçirdi
20.03.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
20.03.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini wezipä girişmeginiň 3 ýyllygy bilen gutlady
20.03.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan çakylyk haty gowşuryldy
20.03.2025
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
19.03.2025
Türkmenistanda sebitara ykdysady hyzmatdaşlyga bagyşlanylan forum geçirildi
19.03.2025
Aşgabatda tälimçileri taýýarlamak boýunça CADAP okuwyna badalga berildi
19.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
19.03.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
18.03.2025
Türkmenistan bilen RF-iň Tula sebitiniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
18.03.2025
Türkmen diplomaty «TRT Avaz» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
18.03.2025
Aşgabatda Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň mejlisi geçiriler
18.03.2025
Prezident baýramçylyk günlerinde welaýatlaryň bazarlarydyr dükanlaryny azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmegi tabşyrdy
18.03.2025
Özbegistanyň Suw hojalygy ministrliginiň wekiliýeti Türkmenistana iş sapary bilen geldi
18.03.2025
Türkmenistan-Ermenistan: migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk
18.03.2025
Türkmenistan - Malaýziýa: bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary we teklipler
18.03.2025
Stambulda Türkmenistanyň Bitaraplygyna we Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan brifing geçirildi
17.03.2025
2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 80 million dollardan gowrak boldy
17.03.2025
Kataryň Emiri türkmen wekiliýetini kabul etdi
17.03.2025
R.Meredow Kataryň Premýer-ministri bilen duşuşdy
17.03.2025
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Nowruz baýramyna bagyşlanan sergi açyldy
17.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýanyň Prezidentini wezipä girişmegi bilen gutlady
17.03.2025
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň arasynda duşuşyk geçirildi
17.03.2025
Türkmenistanyň DIM-i Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan web sahypasyny işe girizdi
17.03.2025
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde milli teleýaýlymlar bilen syýasy gepleşikler ýazgy edildi
17.03.2025
Türkmenistanyň ÝOM-niň talyplarynyň arasynda goşgy düzmek bäsleşigi geçirilýär
16.03.2025
Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy
16.03.2025
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müşderileri üçin täze hyzmat girizýär
15.03.2025
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni giňden belleniler
15.03.2025
Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki topary dörediler
15.03.2025
Türkmenistan «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine ýokary derejede gatnaşar
15.03.2025
Ermenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy