Türkmentelekom Bot

Türkmen halkynyň Milli Lideri Italiýanyň Prezidentini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy


27.02.2025

25-nji fewralda Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Kwirinal köşgünde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky ilçisi T.Kömekow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Fabio Kassezeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda F.Kassezä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella ýollanan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegine we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma çakylyk gowşuryldy.

Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn