Türkmentelekom Bot

Türkmen ilçisi Gazagystanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy


27.02.2025

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ýaly dürli ugurlarda gazak-türkmen hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ozal ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.

Duşuşykda Murat Nurtleu Gazagystanyň Türkmenistana bilen strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge we berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Diplomatlar şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleriň meýilnamasy boýunça hem pikir alyşdylar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn