27.02.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlary esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ulanmaga berlen täze saglygy goraýyş desgalaryna halkara güwänamalaryň gowşurylmagy bolsa diňe bir lukmanlaryň däl, eýsem, ähli türkmenistanlylaryň hem buýsanjyny artdyrýar.
Geçen ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. Bu lukmançylyk merkezleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan taslamalarynyň bezeg we binagärlik aýratynlyklary, şeýle-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigi üçin «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalara mynasyp boldy. Olarda näsaglara edilýän ýokary hilli hyzmatlardyr iş şertleri halkara talaplara laýyk gelýär, ulanylýan lukmançylyk enjamlary bolsa ekologik taýdan howpsuzdyr.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýokary halkara ykrarnama mynasypdyr. Bu desgalaryň gurulmagy “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy üçin uly üstünlik boldy: olaryň taslamalary kompaniýa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde «Ajaýyp binagärlik», «Ajaýyp aragatnaşyk dizaýny», «Önümiň ajaýyp dizaýny» ýaly ugurlar boýunça «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan geçirilen bäsleşige gatnaşyp, onda ýeňiji bolmaga ýardam etdi. Bu bäsleşigiň GFR-iň Federal Hökümetiniň goldaw bermeginde Frankfurt şäherinde her ýyl geçirilýändigini bellemek gerek.
Mälim bolşy ýaly, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi geçen ýylyň oktýabrynda açylyp ulanmaga berildi. Şonda hem bu döwrebap desgalara güwänamalar hem-de degişli nyşanlar gowşurylypdy. Munuň özi olaryň ýokary derejesiniň, öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyşynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändiginiň ykrarnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyz açylyş dabarasynda eden çykyşynda şeýle döwrebap merkezleriň gurlup ulanmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň ilatyna edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanýandygyny, täze iş orunlarynyň döredilýändigini, lukmanlaryň iş şertleriniň has-da gowulanýandygyny aýtdy we munuň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigine ünsi çekdi. Şunda ýakynda hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alnyp barylýan işleriň has-da öňe ilerlemegine aýratyn itergi beren kliniki ordinatura hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda Karara gol çekendigini-de nygtamak gerek. Bu resminama «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, ýokary hünär derejeli lukmançylyk ugurly hünärmenleri taýýarlamak, lukmanlaryň hünär bilimini çuňlaşdyrmak we amaly taýýarlygyny has-da kämilleşdirmek ýaly maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.
Ulanmaga berlen wagtyndan bäri Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde näsaglara ýokary hilli hyzmat edilýär. Ol diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde-de şikeslerden, kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmäge ýöriteleşdirilen ýeke-täk lukmançylyk edarasydyr. Multimedialaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş ugurly lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan merkeziň düzüminde çagalaryň we ulularyň saglygyny dikeltmek üçin niýetlenen dürli bölümleriň 20-den gowragy bar. Bölümleriň işi her bir näsaga aýratyn çemeleşmäge niýetlenendir. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde ýokary derejeli şertlerden we mümkinçiliklerden, häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryndan peýdalanyp, raýatlarymyzyň saglygyny goramak ugrunda netijeli zähmet çekmek babatda hemme şertler döredilendir. Bu lukmançylyk edarasynda dowamly kesellerden we operasiýadan soň, uly ýaşly adamlardyr çagalaryň saglygyny ýatymlaýyn hem gatnaw şertlerinde dikeltmek işleri amala aşyrylýar. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen bir hatarda, halk lukmançylygynyň tejribesi hem ulanylýar. Munuň özi dürli keseller bilen kesellän näsaglaryň tiz wagtda adaty durmuşa dolanmagyna, işe ukyplylygynyň doly dikeldilmegine oňyn täsir edýär.
Şeýle ähmiýetli desgalaryň ýene biri paýtagtymyzdaky 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezidir. Bu ýerde ylmy-kliniki bölümleriň, barlaghanalaryň, anyklaýyş bölümleriniň amatly ýerleşmegi öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin oňyn şertleri döredýär. Merkezde dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, allergologiýa we immunologiýa, kadaly iýmitlenmek, fiziki işjeňlik, sport, zähmetiň fiziologiýasy ýaly ugurlar öwrenilýär, olar boýunça kliniki, okuw, ylmy-barlaghana işleri alnyp barylýar. Bu ýerde halypa-şägirtlik ýörelgesine esaslanyp, ýaş lukmanlaryň mekdebi döredildi we onda ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan saglygy goraýyş boýunça halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bejergiler amaly lukmançylyga ornaşdyrylýar. Täze innowasion enjamlaryň kömegi arkaly geçirilýän operasiýalardan soňra, näsaglaryň sagaldyş döwri gysgalýar we işe ukyplylygy tiz wagtda dikeldilýär. Netijede, olar öýüne iberilip, maşgala lukmanynyň gözegçiligine ýollanylýar.
Şu günler merkezde holedohoskop enjamy arkaly holedohoskopiýa barlagy geçirilip, dogry we doly kesel kesgitlemesi goýulýar hem-de netijeli bejergi ýerine ýetirilýär. Bu ýerde geçirilýän holangioskopiýa barlagy kontrast serişde arkaly rentgen şöhleleriniň aşagyndaky ýörite endoskop enjamynyň kömegi bilen agyz boşlugyndan bagyr içki we bagyr daşky öt ýollaryna baryp, şol ýerden daşlary, gysylmalary, öt akymyna päsgel berýän beýleki sebäpleri anyklamaga ýardam berýär. Kesel anyklanandan soňra, daşy çykarmak amaly ýa-da zerur bolan ýagdaýynda, öt ýollaryna operatiw bejergiler geçirilýär. Operasiýanyň bu usuly näsagyň endamyna hiç hili tyg düşürmezden ýerine ýetirilýär we olaryň operasiýadan soňky dikeliş döwrüni gysgaldýar. Mundan başga-da, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde aşgazandan iýmitiň onkibarmak içegä geçmegine päsgel berip, adamyň bedeninde dürli patologik hadysalaryň ýüze çykmagyna şert döredýän ýagdaýlarda laparoskopik şertinde Bilrot II usuly bilen aşgazanyň rezeksiýasy üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu hirurgik bejergini alan näsaglar gysga döwrüň içinde özbaşdak iýmitlenip başlaýarlar.
Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalaryň berilmegi olaryň halkara derejede ykrar edilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Ilatyň saglygyny bejermäge we dikeltmäge gönükdirilen şeýle ajaýyp desgalaryň gurlup ulanmaga berlendigi üçin ildeşlerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de lukman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler.
27.02.2025
Türkmenistan — Türkiýe: parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda
27.02.2025
Türkmen ilçisi Gazagystanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Italiýanyň Prezidentini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy
27.02.2025
Electronic service for import of radio-electronic equipment launched in Turkmenistan
26.02.2025
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny ornaşdyrar
26.02.2025
Bişkekde türkmen-gyrgyz syýasy geňeşmeleri geçirildi
26.02.2025
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň dördünji mejlisi geçirildi
26.02.2025
Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýäniň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň metbugat duşuşygy geçirildi
26.02.2025
Türkmenistan Mejlisiniň Başlygy Ankarada Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
26.02.2025
Hytaýyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
26.02.2025
«Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» Parlamentara dialogynyň 8-nji mejlisi geçirildi
26.02.2025
Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ankarda iş saparynda bolýar
25.02.2025
Türkmenistanda radioelektron serişdelerini getirmek üçin elektron hyzmatlary işe girizildi
25.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
25.02.2025
Türkmenistanda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçiriler
25.02.2025
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrine täze orunbasar bellenildi
24.02.2025
Gazagystan Türkmenistanyň çäginden geçjek optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär
24.02.2025
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 357 müň dollaryndan gowrak boldy
24.02.2025
Arkadag şäheriniň çägindäki ýollaryň birine ussat seýis Aba Annaýewiň adyny dakmak teklip edildi
24.02.2025
Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzillerinde Gün panelleri oturdylar
24.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady
23.02.2025
Arkadag şäherine «5G» tehnologiýasy ornaşdyrylar
22.02.2025
Arkadag şäherinde «4G+» internet tehnologiýasy işe girizildi
22.02.2025
Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça täze resminamalar kabul ediler
22.02.2025
Mart aýynda Aşgabadyň «Parahat — 7» ýaşaýyş jaý toplumynda, Büzmeýin etrabynda köp gatly ýaşaýyş jaýlary açylar
22.02.2025
Dokma senagaty ministrliginiň käbir fabrikleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgediler
21.02.2025
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar
21.02.2025
Türkmen we koreý ýokary okuw mekdepleri magistratura maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
21.02.2025
Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin başlangyçlaryny hödürledi
21.02.2025
«Hepdelik» haryt nyşanly kärhana täze önümiň — mesge ýagynyň önümçiligini ýola goýdy
21.02.2025
Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady
20.02.2025
Britaniýaly professorlar Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary bilen duşuşdylar
20.02.2025
Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistana 25 tonna hurma gowşurdy
20.02.2025
Bilim ministri Pakistanyň ilçisi bilen duşuşdy
20.02.2025
Ulag geçelgeleriniň we ählumumy logistikanyň kemala gelmeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň orny
20.02.2025
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili «Diva» žurnaly bilen söhbetdeşlik geçirdi
20.02.2025
Tokioda türkmen-ýapon söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
19.02.2025
«Turkmen Expo» türkmen kompaniýalaryny Russiýada geçiriljek halkara sergilere çagyrýar
19.02.2025
Türkmenistanda talyplaryň arasynda geçirilen onlaýn olimpiadanyň jemleri jemlendi
19.02.2025
Türkmen diplomatlarynyň üçüsi «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy
19.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
19.02.2025
Parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynyň baş maksady
19.02.2025
Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy we dialogy pugtalandyrmakda yzygiderli tagalla edýär
18.02.2025
Türkmenistanyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy Bütindünýä Söwda Guramasynyň Ştab-kwartirasynda çäre geçirdi
18.02.2025
Russiýanyň ilçisi Türkmenistanyň diplomatlaryny hünär baýramy bilen gutlady
18.02.2025
Aşgabat “Turkmentextile Expo-2025” halkara sergi-ýarmarkasyny kabul etmegine taýýarlanýar
18.02.2025
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi
17.02.2025
BMG-niň ozalky Baş sekretary Türkmenistanyň global durnuklylyga goşýan goşandyna ýokary baha berdi
17.02.2025
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi giňeldilen sanly hyzmatlardan peýdalanmagy teklip edýär