19.03.2025
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda myhman Halkara sergiler býurosynyň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilýän serginiň ýokary guramaçylyk derejesini hem aýratyn belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Baş sekretar Dimitri Kerkentzesiň bu saparynyň Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ilerletmegiň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunda Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň hem netijeli häsiýeti nygtaldy. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, bütindünýä ykdysady işinde we özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barmakda halkara sergileriň möhüm ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024 – 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Halkara sergiler býurosy bilen hem netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň agzasy bolmak bilen, dürli ýurtlarda geçirilýän bütindünýä we ýöriteleşdirilen sergilere işjeň gatnaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow söhbetdeşlikde şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň hem işjeň gatnaşjakdygyny aýdyp, onuň üstünlikli geçirilmegi baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Halkara sergiler býurosy bu çäräniň guramaçysy bolup çykyş edýär.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem halkara ähmiýetli we ählumumy ösüşi maksat edinýän sergileri geçirmäge, bu ugurda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady hem-de Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzese alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.
18.04.2025
Türkmenistan Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýa degişli teswirnama goşulýar
18.04.2025
Türkmenistanda X-Road platformasynyň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar
18.04.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylda aragatnaşyk üçin maýa goýumlary 82 million manatdan gowrak bolar
18.04.2025
«Turkish Airlines» Stambul bilen Aşgabadyň aralygyndaky hepdelik uçuşlaryň sanyny 17-ä ýetirmegi meýilleşdirýär
18.04.2025
Ankarada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Baş geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi
17.04.2025
Türkmenistan we ABŞ migrasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdylar
17.04.2025
Astrahanda «Türkmen halkynyň medeniýeti, urp-adatlary we däp-dessurlary» atly «tegelek stol» duşuşygy geçirildi
17.04.2025
Astanadaky II Merkezi Aziýa media forumynda žurnalistika ugry boýunça Merkezi Aziýanyň baýragyny döretmegi teklip etdiler
17.04.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly uçar kerosini we gazbeton bloklary ýerlenildi
17.04.2025
Türkmenistan we ÝUNESKO bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar
17.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti ýapon işewürligini hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çagyrdy
17.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy bilen duşuşyk geçirdi
17.04.2025
Türkmenistan we Ýaponiýa ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekdiler
17.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory hyzmatdaşlygyň geljegi barada söhbetdeş boldular
16.04.2025
Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky döwlet serhediniň demarkasiýa meseleleri boýunça iş toparynyň duşuşyklary geçirildi
16.04.2025
Türkmen hünärmenleri deňiz ätiýaçlandyryş işiniň inçeliklerini öwrenýärler
16.04.2025
Türkmenistanda Halkara hytaý diliniň güni bellenip geçiler
16.04.2025
Türkmenistanda täze kuwwatly karbamid önümçilik zawody gurlar
16.04.2025
Türkmenistanyñ Döwlet elektron hyzmatlarynyñ portalynda nädip hasabyňyzy döretmeli?
15.04.2025
Nýu-Ýorkda 2025 ýylyñ BMG-niñ Dostluk oýunlary geçirilýär
15.04.2025
BMG-niñ Baş Assambleýasynyñ "Türkmenistanyñ hemişelik bitaraplygy" atly Kararnamasy BMG-niñ alty sany resmi dilinde neşir edildi
15.04.2025
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlarynyň ýurdumyza gelmegini ýeňilleşdirmek hakynda kanun taslamasy taýýarlanýar
15.04.2025
«Türkmenaragatnaşyk» EXPO-2025 sergisinde sanlylaşdyrmakda gazanan üstünliklerini görkezýär
15.04.2025
Owganystanyň telekeçileri Türkmenistanyň biržasyndan hlorly natriý satyn aldylar
15.04.2025
Ekspo-2025 sergisinde Türkmenistanyň Milli güni: “Türkmenaragatnaşyk” Agentliginiň wekilleri ýurduň pawilýony bilen tanyşdyrdylar
15.04.2025
IT ulgamda standartlaryň möhümligi Aşgabatda geçjek «QACIS 2025» forumynda maslahatlaşylar
15.04.2025
Serdar Berdimuhamedow: Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk –bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasydyr
15.04.2025
Türkmen talyplary 3-nji Halkara talyp liderleriniň durnukly ösüş boýunça duşuşygyna gatnaşdy
15.04.2025
«Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi
15.04.2025
Birža söwdalarynda 28 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
15.04.2025
Türkmenistanyň zenan küştçüleri Aziýanyň zolaklaýyn çempionatynda ilkinji altylygyň hataryna girdiler
14.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
14.04.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçiriljek ýaşlar forumyna işjeň gatnaşar
14.04.2025
“Türkmentelekom” EAK-nyň hyzmatlaryny birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmany dolduryň
14.04.2025
Mugallymlaryň we talyplaryň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirildi
14.04.2025
Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda birnäçe kanunlaryň taslamalary kabul edildi
14.04.2025
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin maksatnamasyny “Awaza” diýip atlandyryldy
13.04.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa sapary başlandy
13.04.2025
Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň çäklerinde Hytaýyň Sian şäherinde konsert geçirildi
13.04.2025
Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi
13.04.2025
«EXPO — 2025-däki» Türkmenistanyň diwarlygy iň halananlaryň arasynda 1-nji orunda
12.04.2025
16-njy aprelde Astanada II Merkezi Aziýa media forumy açylar
12.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrar
12.04.2025
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň işi kämilleşdiriler
12.04.2025
Uçuşlaryň tutuş taryhynda älem giňişliginde 630-dan gowrak adam boldy
12.04.2025
TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy maslahat geçirildi
12.04.2025
Türkmenistan Malaýziýada halkara maýa goýum forumyny geçirer
12.04.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär
12.04.2025
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny ýokary derejede bellemek boýunça guramaçylyk topary döredildi
12.04.2025
Türkmenistan bilen Günorta Koreýa kiberhowpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýärler