20.03.2025
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar hem-de «BOTAŞ» kompaniýasynyň baş direktory Abdulwahid Fidan bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhmanlar duşuşmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynda Garaşsyz Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de Gahryman Arkadagy mukaddes Oraza aýy bilen gutladylar. Şeýle hem Alparslan Baýraktar Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadaga iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Aşgabatda geçirilýän foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ýurduň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, Alparslan Baýraktar Gahryman Arkadagyň Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynda öňe süren başlangyçlarynyň we parasatly maslahatlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.
«Rejep Taýyp Ärdoganyň: «Bir millet – iki döwlet» diýip belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmak bilen, daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk hem-de maýa goýumlary pudaklarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin hem ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Gahryman Arkadag Türkmenistanyň bu ugurlar we başga-da özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge we netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy.
18.04.2025
Türkmenistan Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýa degişli teswirnama goşulýar
18.04.2025
Türkmenistanda X-Road platformasynyň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar
18.04.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylda aragatnaşyk üçin maýa goýumlary 82 million manatdan gowrak bolar
18.04.2025
«Turkish Airlines» Stambul bilen Aşgabadyň aralygyndaky hepdelik uçuşlaryň sanyny 17-ä ýetirmegi meýilleşdirýär
18.04.2025
Ankarada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Baş geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi
17.04.2025
Türkmenistan we ABŞ migrasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdylar
17.04.2025
Astrahanda «Türkmen halkynyň medeniýeti, urp-adatlary we däp-dessurlary» atly «tegelek stol» duşuşygy geçirildi
17.04.2025
Astanadaky II Merkezi Aziýa media forumynda žurnalistika ugry boýunça Merkezi Aziýanyň baýragyny döretmegi teklip etdiler
17.04.2025
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly uçar kerosini we gazbeton bloklary ýerlenildi
17.04.2025
Türkmenistan we ÝUNESKO bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar
17.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti ýapon işewürligini hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çagyrdy
17.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy bilen duşuşyk geçirdi
17.04.2025
Türkmenistan we Ýaponiýa ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekdiler
17.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory hyzmatdaşlygyň geljegi barada söhbetdeş boldular
16.04.2025
Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky döwlet serhediniň demarkasiýa meseleleri boýunça iş toparynyň duşuşyklary geçirildi
16.04.2025
Türkmen hünärmenleri deňiz ätiýaçlandyryş işiniň inçeliklerini öwrenýärler
16.04.2025
Türkmenistanda Halkara hytaý diliniň güni bellenip geçiler
16.04.2025
Türkmenistanda täze kuwwatly karbamid önümçilik zawody gurlar
16.04.2025
Türkmenistanyñ Döwlet elektron hyzmatlarynyñ portalynda nädip hasabyňyzy döretmeli?
15.04.2025
Nýu-Ýorkda 2025 ýylyñ BMG-niñ Dostluk oýunlary geçirilýär
15.04.2025
BMG-niñ Baş Assambleýasynyñ "Türkmenistanyñ hemişelik bitaraplygy" atly Kararnamasy BMG-niñ alty sany resmi dilinde neşir edildi
15.04.2025
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlarynyň ýurdumyza gelmegini ýeňilleşdirmek hakynda kanun taslamasy taýýarlanýar
15.04.2025
«Türkmenaragatnaşyk» EXPO-2025 sergisinde sanlylaşdyrmakda gazanan üstünliklerini görkezýär
15.04.2025
Owganystanyň telekeçileri Türkmenistanyň biržasyndan hlorly natriý satyn aldylar
15.04.2025
Ekspo-2025 sergisinde Türkmenistanyň Milli güni: “Türkmenaragatnaşyk” Agentliginiň wekilleri ýurduň pawilýony bilen tanyşdyrdylar
15.04.2025
IT ulgamda standartlaryň möhümligi Aşgabatda geçjek «QACIS 2025» forumynda maslahatlaşylar
15.04.2025
Serdar Berdimuhamedow: Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk –bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasydyr
15.04.2025
Türkmen talyplary 3-nji Halkara talyp liderleriniň durnukly ösüş boýunça duşuşygyna gatnaşdy
15.04.2025
«Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi
15.04.2025
Birža söwdalarynda 28 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
15.04.2025
Türkmenistanyň zenan küştçüleri Aziýanyň zolaklaýyn çempionatynda ilkinji altylygyň hataryna girdiler
14.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
14.04.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçiriljek ýaşlar forumyna işjeň gatnaşar
14.04.2025
“Türkmentelekom” EAK-nyň hyzmatlaryny birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmany dolduryň
14.04.2025
Mugallymlaryň we talyplaryň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirildi
14.04.2025
Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda birnäçe kanunlaryň taslamalary kabul edildi
14.04.2025
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin maksatnamasyny “Awaza” diýip atlandyryldy
13.04.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa sapary başlandy
13.04.2025
Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň çäklerinde Hytaýyň Sian şäherinde konsert geçirildi
13.04.2025
Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi
13.04.2025
«EXPO — 2025-däki» Türkmenistanyň diwarlygy iň halananlaryň arasynda 1-nji orunda
12.04.2025
16-njy aprelde Astanada II Merkezi Aziýa media forumy açylar
12.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrar
12.04.2025
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň işi kämilleşdiriler
12.04.2025
Uçuşlaryň tutuş taryhynda älem giňişliginde 630-dan gowrak adam boldy
12.04.2025
TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy maslahat geçirildi
12.04.2025
Türkmenistan Malaýziýada halkara maýa goýum forumyny geçirer
12.04.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär
12.04.2025
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny ýokary derejede bellemek boýunça guramaçylyk topary döredildi
12.04.2025
Türkmenistan bilen Günorta Koreýa kiberhowpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýärler