Türkmentelekom Bot

Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady


26.03.2025

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Konstantinos Tasulasa Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow hatynda Prezident Konstantinos Tasulasa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gresiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Gresiýa 1821-nji ýyldan bäri her ýyl 25-nji martda Garaşsyzlyk gününi baýram edýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn