Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi


27.02.2024

Duşenbe güni, 26-njy fewralda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, baglaryň ekiljek ýerlerini, bag nahallaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygy pudagynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony ýokary hilli geçirmek maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlary, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary, gurallary, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişini talabalaýyk, bellenen möhletlerde geçirmek, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Ýazky bag ekmek möwsümi üçin baglaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek we olaryň nahallaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň ekiş möwsümine taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň wajypdygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlamak, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm işleri doly geçirilip, häzirki wagtda suw tutmak, olaryň tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Ýazky bag ekmek möwsümini üstünlikli geçirmek maksady bilen, zerur guramaçylyk işleri, hususan-da, baglaryň ekiljek ýerlerini kesgitläp, bag nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, welaýatyň ak ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýurdumyzyň gündogar sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde degişli işler alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini talabalaýyk geçirmek we agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin degişli işler dowam edýär. Ýazky bag ekmek möwsümini üstünlikli geçirmek maksady bilen, baglaryň ekiljek ýerlerini, dürli bag nahallaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, pagtaçy daýhanlaryň ekiş möwsüminde ýokary hilli gowaça tohumlary bilen doly üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda öňde goýan wezipelerine laýyklykda, welaýatda ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we welaýatyň bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda şu ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary, oba hojalyk işlerinde ulanyljak ähli tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, çigitleri arassalamak işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek üçin häzirki wagtda olaryň ekişi dowam edýär.

Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň tutýan meýdanyny giňeltmek hem-de döwlet ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda hem maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleriniň çäklerinde bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň ýetip gelendigine ünsi çekip, bu möwsümi guramaçylykly geçirmegiň geljekde ýerden bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, möwsümde işlediljek ähli oba hojalyk tehnikalarynyňdyr gurallaryň möwsüme doly taýýar edilmegini, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýeralmanyň hem-de beýleki azyklyk ekinleriniň ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýazky bag ekmek möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn