Türkmentelekom Bot

Türkmen hünärmenleri deňiz ätiýaçlandyryş işiniň inçeliklerini öwrenýärler


16.04.2025

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Deňiz” myhmanhanasynda ätiýaçlandyryş boýunça seminar geçirildi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň saýtynda habar berilýär.

Seminara “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň hünärmenleri gatnaşdylar.

Seminaryň barşynda Oakeshott Insurance hususy ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň wekili gämi ätiýaçlandyrmasy hem-de adatdan daşary ýagdaýlarda ujypsyz harajatlar bilen gymmatly emlägi zyýan çekmekden goramak barada aýdyp geçdi.

Oakeshott Insurance kompaniýasy 1993-nji ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda ol dünýäniň 20-den gowrak ýurdunda iş alyp barýar.

 

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn