14.05.2025
13-nji maýda Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty (CACCC-2025) Aşgabatda öz işine başlady. Merkezi Aziýadaky sebitleýin we milli hereketler arkaly howany maliýeleşdirmek boýunça ählumumy maksada ýetmäge bagyşlanan bu esasy sebitleýin maslahaty, türkmen paýtagtynda öňdebaryjy bilermenleri, Hökümet wekillerini we halkara guramalaryny birleşdirdi. Oňa 250 töweregi adam ýagny howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere jogapkär Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli döwlet işgärleri, maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri, raýat jemgyýeti, akademik toparlar, işewür toparlar we ösüş boýunça hyzmatdaşlar gatnaşýar.
Maslahat, şeýle hem daşky gurşaw, suw dolandyryşy, oba hojalygy, tokaý hojalygy, saglygy goraýyş, gyssagly kömek hyzmatlary we energiýa ýaly howanyň durnuklylygy bilen baglanyşykly möhüm pudaklaryň bilermenlerini özüne çekdi. Gatnaşanlaryň şeýle dürli topary pudagara dialogy ýeňilleşdirýär we sebitdäki howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri netijeli çözmek üçin bilelikdäki tagallalary güýçlendirýär.
“CACCC-2025”-iň birinji güni giriş sessiýasy bilen açyldy we oňa Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow moderatorlyk etdi. Açylyş dabarasyndan we “Türkmenistan: howanyň üýtgemegi we ýaşyl geçiş” atly wideo şekiliniň görkezilişinden soň ýokary derejeli işgärler we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşyjylara gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow, Bütindünýä bankynyň howanyň üýtgemegi boýunça ählumumy direktory Waleri Hiki, GIZ sebit maksatnamasynyň direktory Sergeý Makarow, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň sekretariatynyň wekili Olga Pilifosowa we BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan dagylar bar.
Resmi açylyşdan soň “Sebitleýin we milli howa syýasaty: üstünlikler we meýilnamalar” atly ýokary derejeli plenar sessiýa geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi Magtymguly Akmyradow tarapyndan moderatorlyk edilen sessiýa, “CAREC”-niň howasynyň üýtgemegi boýunça sebitleýin hünärmeni Wladimir Grebnewiň giriş prezentasiýasy bilen başlandy.
Ondan soň Merkezi Aziýa döwletleriniň Hökümetleriniň wekilleri bilen öz ýurtlarynda howanyň gün tertibiniň ösüşi, NDC 2.0-den NDC 3.0-e geçiş, üstünlikler we meýilnamalar barada pikir alyşyldy. Çekişmä Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri, Gazagystanyň Ekologiýa ministriniň orunbasary, Gyrgyzystanyň Tebigy serişdeler ministriniň orunbasary, Täjigistanyň Daşky gurşawy goramak komitetiniň başlygynyň orunbasary we Özbegistanyň Milli howanyň üýtgemegi merkeziniň direktory gatnaşdy.
Birinji günüň işi “Merkezi Aziýa üçin howa maliýeleşdirmesi: sebit we milli mümkinçilikler” atly mejlis bilen dowam etdi. Sessiýada howa gaznalarynyň, halkara guramalarynyň, köptaraplaýyn we milli ösüş banklarynyň wekillerinden Merkezi Aziýa üçin howanyň maliýeleşdirilmegini işjeňleşdirmek boýunça çykyşlar geçirildi. Çykyş edenleriň arasynda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi, ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy, GIZ-iň, Italiýanyň Daşky gurşaw ministrliginiň, NDC-niň hyzmatdaşlygy goldamak bölüminiň we Gyrgyzystan Respublikasynyň “Eldik Bank” AGPJ-niň wekilleri bar. Tanyşdyryşlardan soň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri bilen howanyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmegi çaltlaşdyrmak üçin maliýe çözgütlerine we gurallaryna bagyşlanan panel çekişmesi geçirildi.
Günüň ikinji ýarymynda maslahat sebitdäki howanyň gün tertibiniň möhüm taraplaryna içgin garamaga bagyşlanan sessiýalar bilen dowam etdi.
Mysal üçin, “Sebitiň howa hyzmatdaşlygy: ileri tutulýan ugurlar we howanyň adalatlylygy” sessiýasy sebitdäki gowşak goralanlygy bahalandyrmagy, howanyň gözegçilik ulgamlaryny giňeltmegi, betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak we serhetüsti çäreleri öz içine alýar. Aýratyn üns – howanyň adalatlylygy, durmuş inklýuziwligi, ykdysady deňlik we gowşak jemgyýetlere goldaw meselelerine berildi. Çekişmelere BMG UNFPA, BMG-niň – zenanlary we ÝUNISEF ýaly guramalaryň wekilleri çagyryldy.
Utgaşykly sessiýalaryň çäginde dört tematiki çekişmeler gurnaldy:
“Merkezi Aziýada howanyň maliýe strategiýalaryny ösdürmek üçin innowasiýa gurallary” – ýaşyl obligasiýalar, karz alyş-çalyşlary we howany makroykdysady meýilnamalaşdyrmak bilen birleşdirmäge gönükdirilendir.
“Ýaşyl köpri” başlangyjy: NDC durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak we güýçlendirmek üçin innowasion tehnologiýalar” - ýaşyl tehnologiýalaryň geçirilmegine we degişli sanly meýdançalaryň döredilmegine ünsi jemleýär.
“Merkezi Aziýada raýat jemgyýetiniň we ýaşlaryň howa hereketleri” – onuň çäginde bu toparlaryň barha artýan orny we howanyň başlangyçlaryny öňe sürmekdäki goşantlary ara alnyp maslahatlaşylýar.
“CA Resiland + sebitleýin utgaşdyryş duşuşygy” – degişli maksatnamanyň çäginde hereketlere gözegçilige we utgaşdyrmaga gönükdirilendir.
Baý işewürlik maksatnamasyndan başga-da, maslahata gatnaşyjylar sessiýalar başlamazdan ozal bu ýerde açylan “Türkmenistanyň täsin endemiki ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşlyk” atly sergisini synlamaga mümkinçilik aldylar.
Şeýlelik bilen Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty-2025-iň birinji güni ýokary depgini görkezdi we ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy temalary kesgitledi hem-de milli syýasatlara, sebitleýin hyzmatdaşlyga, howanyň maliýeleşdirilmeginiň möhüm meselesine, durmuş adalatlylygyna we dürli toparlaryň jemgyýetdäki howanyň hereketindäki ornuna ünsi çekdi.
14.06.2025
«Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
14.06.2025
Elektron wizalar Türkmenistana syýahatçylyk akymynyň ösüşini artdyrar
13.06.2025
Türkmenabatda 0655 belgisi boýunça gije-gündiz işleýän «Onlaýn taksi» hyzmaty açyldy
13.06.2025
Aşgabat Halkara howa menzili ýolagçylar üçin güýmenje çeşmesiniň işe girizilendigini habar berdi
13.06.2025
Päkistan Türkmenistanyň üsti bilen Russiýa ilkinji ýük demirýol ugruny açýar
12.06.2025
12-nji iýundan başlap Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky ýolda gatnawlar wagtlaýyn çäklendirilýär
11.06.2025
Türkmenistanyň wise-premýeri Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
11.06.2025
Osakadaky Türkmenistanyň pawilýony iň köp barylýanlaryň üçlügine girdi
11.06.2025
Hazarda alnyp barylýan iş: “Neptun” desgasy Türkmenistandan Azerbaýjana geçirildi
11.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylary gutlady
11.06.2025
Russiýada Hazar deñzine täze ýoluñ gurluşygyna başladylar
11.06.2025
«Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
09.06.2025
Türkmenistan we Merkezi Aziýa Hindistan bilen strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
09.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr
08.06.2025
Türkmenistanyň müftüsi ýurduň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady
08.06.2025
Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasyna bagyşlanan konsert geçirildi
08.06.2025
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG - Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy
07.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni bilen gutlady
07.06.2025
Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilýär
06.06.2025
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi
04.06.2025
Türkmenistanda innowasion startaplaryñ döreýşi we türkmen bazaryna cykyşy
03.06.2025
ATAOIL «Uzbekiston temir ýullary» bilen resmi taýdan strategik hyzmatdaş boldy
03.06.2025
Prezident Serdar Berdimuhamedow Mongoliýanyň Parlamentiniň Başlygy bilen duşuşdy
03.06.2025
Ulan-Batorda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
03.06.2025
Birža söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy
03.06.2025
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy futbol ýaryşyny geçirdi
03.06.2025
Türkmenistanyň Baş konsullygy Kazan şäherinde welosipedli ýöriş gurady
02.06.2025
Türkmen hünärmenleri Özbegistanyň «ýaşyl» tehnologiýalar babatdaky tejribesini öwrenýärler
31.05.2025
Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyna» 517 adam gatnaşdy
31.05.2025
«Belet film»: Sanly platformalaryň mümkinçilikleri artýar
31.05.2025
Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Italiýa” Sammitiniň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
31.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
31.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitindäki çykyşy
30.05.2025
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
30.05.2025
Gurban baýramy mynasybetli 8-nji iýundaky dynç güni 9-njy iýuna geçirildi
29.05.2025
Türkmen metbugatynyň wekilleri Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýarlar
29.05.2025
Daşoguzdaky sargy serişdelerini öndürýän kärhanada 3 million manatlyga golaý önüm öndürildi
29.05.2025
Türkmenistan bilen BMG durnukly ösüş pudagynda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar
29.05.2025
Türkmenistan Daşkentde geçirilen sebitleýin foruma gatnaşdy
29.05.2025
Türkmen wekiliýeti «Çagalar üçin dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF» atly ýokary derejeli foruma gatnaşdy
28.05.2025
Halkymyzyň abadançylygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň wajyp ugry
28.05.2025
Eýranyñ nebit däl önũmleriniñ Türkmenistana eksport möçberi ýokarlandy
28.05.2025
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
28.05.2025
Aşgabatda Gruziýanyň Garaşsyzlyk güniniň 34 ýyllygy bellendi
28.05.2025
Türkmenistanyň ilçisi bilen Sukuba uniwersitetiniň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi
28.05.2025
Gruziýa Türkmenistan bilen göni uçar gatnawlaryny açmaga taýýardyr – ilçi Sabiaşwili
27.05.2025
«Daýhanbank» daşary ýurtda okaýan talyplar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär
27.05.2025
Türkmenistan bilen Kataryň arasynda futbol hyzmatdaşlygy barada şertnama gol çekişildi
27.05.2025
Türkmenistan Bakuda geçirilýän türki dünýäsiniň IV Edebiýat we kitap festiwalyna gatnaşýar
27.05.2025
Aşgabat we Pekin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar