«Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş Geňeşini döretmek teklip edilýär


08.03.2024

Türkmenistanyň il-ýurt bähbitli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny döwrüň täzeçillik talaplaryna laýyk getirmek hem-de BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin "Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» Strategik maslahat beriş Geňeşini döretmek teklip edilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda Türkmenistanyň ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň esasynda BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

"Türkmenistan --- Birleşen Milletler Guramasy» Strategik maslahat beriş Geňeşiniň işi degişli wezipeleri çözmäge gönükdiriler. Şolaryň hatarynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalary taýýarlamak, seçip almak, tassyklamak bilen bagly işleri utgaşdyrmak we Türkmenistanyň Hökümetine bu babatda teklipleri taýýarlamak wezipesi bar.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara başlangyçlary öwrenmek hem-de türkmen tarapy üçin, maksadalaýyklygyna görä, olara goşulmak we goldamak bilen bagly teklipleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 --- 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan" we ýurtda kabul edilen milli hereketleriň meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine syn etmek hem-de olary iş ýüzünde amala aşyrmagyň ýollaryny maslahatlaşmak teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Şoňa görä-de, ýurduň bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygy bellenildi.

Döwlet Baştutany "Türkmenistan --- Birleşen Milletler Guramasy" Strategik maslahat beriş Geňeşiniň işine işjeň gatnaşmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn