Ženewada Türkmenistan bilen haýyr-sahawat taslamalarynyň bilelikdäki mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy


10.03.2024

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Milletler Bileleşiginiň Ženewadaky wekilhanasynyň ýanynda akkreditirlenen Halkara hristian haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda dünýäniň dürli sebitlerinde pes derejede ýaşaýan ilata kömek bermäge gönükdirilen bilelikdäki ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Guramanyň wekilleri Türkmenistanyň sebitde we tutuş dünýäde amala aşyrýan ynsanperwerlik işlerine ýokary baha berdiler.

Söhbetdeşlikde, 2021-nji ýylda Türkmenistanda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşykdan soň gaznanyň işi bilen has ýakyndan tanyşmak üçin agzalan haýyr-sahawat guramasynyň wekillerine degişli maglumatlar berildi.

Halkara hristian haýyr-sahawaty guramasy190-a golaý ýurdunda iş alyp barmak bilen, diňe, 2022-nji ýylyň özünde dünýäde jemi 1 milliard 20 million ABŞ dollaryna barabar 3 692 ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn