Kazanda geçiriljek forumda Türkmenistan gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyra


13.03.2024

15-19-njy maýda Russiýanyň Tatarystan Respublikasynda geçiriljek "Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum" atly halkara forumyň çäklerinde guraljak ykdysady gazanylanlaryň sergisinde Türkmenistan özüniň diwarlygyny görkezer.

Guramaçylaryň pikiriçe, esasy temalar Halal önümleriň önümçiligi, yslam dünýäsiniň maliýe we bilim ulgamlaryny, ulag geçelgelerini ösdürmek barada bolar. Lukmançylyk syýahatçylygy ýaly ugur hem has giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar. Medeni çäreleriň maksatnamasy hem giňeldildi: sanly yslam sungaty, döredijilik ykdysadyýeti we kino pudagy boýunça aýratyn çäreler geçiriler. Möhüm mowzuk sporty ösdürmek barada bolar. Söwda-senagat palatalarynyň halkara forumy yslam ýurtlaryndan işewür wekilleri özara birleşdirer.

"Russiýanyň öňdebaryjy sebitlerinden biri bolan Tatarystan Respublikasynyň mysalyndan peýdalanyp, söwda, ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bir hatarda, Russiýanyň Yslam dünýäsi bilen gatnaşygy nähili giňeldýändigini görmek bolýar. Biz medeni we ynsanperwer gatnaşyklary üstünlikli ösdürýäris. Respublikamyz Russiýada yslam bank işi we maliýeleşdirmek ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin synag sebitleriniň biridir, Halal pudagyny ösdürmek boýunça işjeň işler alnyp barylýar we yslam bilimine köp üns berilýär" diýip, Respublikanyň Baştutany Rustam Minnihanow belledi.

Respublikanyň Baştutany 2022-nji ýylda Kazanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýaşlar paýtagty derejesini alandygyny we 2025-nji ýylda Tatarstan Respublikasynyň paýtagtynda federal häkimýetleriň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň goldawy bilen ýaşlaryň arasynda Birinji Yslam oýunlaryny geçirmegiň meýilleşdirilendigini belledi. Oňa yslam dünýäsiniň 40-dan gowrak ýurdundan bolan 14-16 ýaş aralygyndaky türgenleriň 20 sport görnüşi boýunça özara bäsleşmegine garaşylýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn