Wladimir Putin Prezident saýlawlarynda sesleriň 87,33 göterimini gazandy


18.03.2024

Russiýanyň döwlet Baştutany Wladimir Putin Prezident saýlawlarynda öňdeligi saklaýar. Ol sesleriň 87,32 göterimini aldy. Bu maglumatlary ýurduň Merkezi saýlaw topary saýlaw uçastoklarynda býulletenleriň 99,01 göterimi işlenenden soňra çap etdi diýip, «MIR 24» habar berýär.

Ikinji orunda Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasyndan (KPRF) dalaşgär Nikolaý Haritonow (sesleriň 4,31 göterimi) barýar. Üçünji orunda «Новые люди» («Täze adamlar») partiýasynyň wekili Wladislaw Dawankow (3,79 göterim) barýar. Dörtlügi ýurduň Liberal-demokratlar partiýasyndan (LDPR) Leonid Sluskiý (3,19 göterim) jemleýär.

Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlary ilkinji gezek üç gün – 15-nji martdan 17-nji marta çenli dowam etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn