Türkmen halkynyň Milli Lideri Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady


19.03.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putine Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

– Siz köp ýyllaryň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesinde ýadawsyz zähmet çekmek bilen, ýokary hilli özgertmeleri yzygiderli amala aşyrýarsyňyz we ýurduňyzy ösüşiň täze sepgitlerine tarap alyp barýarsyňyz. Saýlawlaryň netijeleri Siziň alyp barýan köpugurly işiňize berlen ýokary baha bolup durýar hem-de Russiýanyň köpmilletli halky tarapyndan bildirilen uly ynamy görkezýär.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde Siziň şahsy goşandyňyzy belläp geçmegi zerur hasaplaýaryn.

Geljek ýyllarda hem türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak we hormat goýmak ruhunda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn – diýip, Gahryman Arkadag özüniň gutlag hatynda belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn