Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy


19.03.2024

18-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lýuksemburgyň  Wise-premýeri, Daşary işler we daşary söwda ministri Ksawýe Betteliň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, halkara we sebit gün-tertibiniň meselelerine seredildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmegiň wajyplygy nygtaldy. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň we ÝB-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleri hem maslahatlaşyldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn