Türkmenistanyň Mejlisi käbir kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizdi


31.03.2024

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi habar berşi ýaly, maslahatyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de olar kabul edildi.

Maslahata gatnaşmaga birnäçe degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda», «Gidrometeorologiýa işi hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

«Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda maýyplygy bolan we saglyk mümkinçilikleri çäkli adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny has-da höweslendirmek hem-de dünýä tejribesinde kabul edilen kadalara laýyk getirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adyň we «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adyň Düzgünnamalaryny kämilleşdirmek göz öňünde tutuldy. Munuň özi mümkinçilikleri çäkli hem-de maýyplygy bolan adamlaryň sport bilen meşgullanmagyny höweslendirmekde uly ýardam eder.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda deputatlaryň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn