«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň VIII saýlama bäsleşigi geçirildi


01.04.2024

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hünär ugurly «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň VIII saýlama bäsleşigi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, nobatdaky bäsleşik «XVIII asyrda Hindistanyň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary» temasy boýunça geçirildi. Oňa Aşgabadyň, Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynyň mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar.

Gatnaşyjylara düzümine däp boýunça ylym, taryh, medeniýet işgärleri, diplomatlar, professorlar we ýurduň mugallymlary girýän abraýly emin agzalary baha berdiler. VIII bäsleşigiň eminleri hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklar we diplomatiýasy kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Şyhmustapa Hudaýberdiýew hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri Baýramgeldi Çaryýew çykyş etdiler.

Eminleriň çözgüdi bilen Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýmyrat Kakaýew we Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Eziz Suhanberdiýew ýeňijiler diýlip yglan edildi. Ýeňijiler taslamanyň III möwsüminiň ýarymfinalyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňijilere hem-de bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň adyndan Hormat hatlary we birnäçe hemaýatkärler tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn