«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi


01.04.2024

Şu gün — 1-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewlerine hem-de gymmatly maslahatlaryna esaslanyp, ata Watanymyzy özgertmek hem-de asylly ýörelgelere eýerip, halal we ruhubelent zähmet çekmek hakynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri ylmyň we tehnologiýanyň gazananlary esasynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan täze we belent wezipeler barada çykyş etdiler.

Häzirki döwürde ylymda täze pikirler kemala gelýär, tehnologiýalar özgerýär, sanly hyzmatlar durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň işläp düzýän täze sanly çözgütleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam edýär.

Maslahata gatnaşan aragatnaşyk pudagynyň ýaş hünärmenleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de ýokary hilli, elýeterli we özboluşly täze sanly çözgütleri işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işleri giň gerim bilen dowam etdirip, öňde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn