21.05.2019
HÜNÄR DEREJESINE DESLAPDAN BAHA BERMEK ÜÇIN ÇAKYLYK TÜRKMENISTAN TELEKOMMUNIKASIÝA TORUNY GIŇELTMEK BOÝUNÇA TASLAMA (öýjükli we stasionar aragatnaşyk toruny ösdürmek, Uniwersal billing ulgamyny ornaşdyrmak, maglumat geçirişiň ýokary tizlikli ulag torunyň gurluşygy, FM radioýaýradyşyň çäklerini giňeltmek, radioýygylyklar toplumyna gözegçilik etmek boýunça milli merkezini döretmek) Maliýe belgi IDB:TKM-1008 Bu hünär derejä deslapdan baha bermek boýunça çakylyk 2017-nji ýylyň 08 dekabryndaky «Asharq Al-Awsat» gazetinde, 2017-nji ýylyň 08 dekabryndaky ýerli «Нейтральный Туркменистан» gazetinde, Yslam Ösüş Bankynyň resmi web-saýtynda (www.isdb.org) we Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň resmi web-saýtynda (www.mincom.gov.tm) yglan edilen umumy habardan gelip çykýar. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi Telekommunikasiýa toruny giňeltmek Taslamasynyň töleglerini üpjün etmek babatynda Yslam Ösüş Banky tarapyndan maliýeleşdirilmegi kabul etdi we bu maliýe üpjünçiliginiň belli bir bölegini Öýjükli we stasionar aragatnaşyk toruny ösdürmek, Uniwersal billing ulgamyny ornaşdyrmak, maglumat geçirişiň ýokary tizlikli ulag torunyň gurluşygy, FM radioýaýradyşyň çäklerini giňeltmek, radioýygylyklar toplumyna gözegçilik etmek boýunça milli merkezini döretmek babatynda şertnamalaryň tölegleri üçin ulanmagy göz önüne tutýar. Tender Yslam Ösüş Bankynyň hukuk düzgünlerine we kadalaryna laýyklykda geçiriler. Gyzyklanýan doly ygtyýarly arza berijiler her bir lot boýunça aýratynlykda ýa-da utgaşdyrylan birnäçe lotlar boýunça arza berip bilerler. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi indiki lotlar boýunça potensial üpjün edijileriň we/ýa-da firmalaryň hünär derejesine deslapdan baha bermegi göz öňüne tutýar: 1-nji bukja Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda TM Cell operatoryň öýjükli aragatnaşyk toruny ösdürmek Lot 1.1 Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde we Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda TM Cell operatoryň öýjükli aragatnaşyk toruny ösdürmek Lot 1.2 Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda TM Cell operatoryň öýjükli aragatnaşyk toruny ösdürmek 2-nji bukja Aşgabat şäher telefon ulgamy we TM Cell üçin billing ulgamyny we multiserwis platformany giňeltmek we kämilleşdirmek Lot 2.1 TM Cell operatoryň billing ulgamyny giňeltmek we kämilleşdirmek Lot 2.2 Fiksirlenen tor üçin billing multiserwis platformasyny getirmek, gurnamak we işe girizmek 3-nji bukja Türkmenistanda FM radioýaýradyş toruny ösdürmek Türkmenistanda FM radioýaýradyş toruny ösdürmek, şol sanda FM ýaýradyjy enjamlary, elektrik iýmitlendiriji we anten-fider gurluşlary 4-nji bukja Fiksirlenen telefon toruny giňeltmek Türkmenistanda fiksirlenen telefon toruny giňeltmek 5-nji bukja Maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek (Internet) Türkmenistanda maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek (Internet) 6-njy bukja Radioýygylyklar toplumlaryny dolandyrmak we gözegçilik etmek boýunça milli merkezi döretmek Türkmenistanda radioýygylyklar toplumlaryny dolandyrmak we gözegçilik etmek boýunça milli merkezi döretmek üçin enjamlary we programma üpjünçiligini getirmek, gurnamak we işe girizmek Hünär derejesine deslapdan baha bermek üçin çakylyk 2019-njy ýylyň aprel aýynda bermek göz öňüne tutulýar. Hünär derejesine deslapdan baha bermek 2009-njy ýylyň maý aýyndan “Yslam Ösüş bankynyň harytlar bilen üpjün etmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça gollanmasynda” bellenilen hünär derejä deslapdan baha bermek kadalaryna laýyklykda geçiriler we bu gollanmada kesgitlenen ähli hukukly ýurtlardan tender gatnaşyjylaryň hemmesi üçin açykdyr. Gyzyklanýan doly ygtyýarly arza berijiler Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde (aşakda görkezilen salgy boýunça ýerleşýär) sagat 09:00 sagat 12:00 çenli (ýerli wagt boýunça) goşmaça maglumatlary alyp we hünär derejä deslapdan baha bermek üçin resminamalary barlap bilerler. “Hünär derejä deslapdan baha bermek üçin resminamany” iňlis we rus dillerinde aşakda görkezilen salgy boýunça ýazmaça görnüşde arza berip we indiki bank hasabyna pul geçirim usuly arkaly 805 (sekiz ýüz bäş) ABŞ dollary (GBüS hasaba alnan) möçberde yzyna gaýtarylmaýan komission ýygymy tölenenden soň Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde (salgysy aşakda gökezilen) satyn alyp bolýar: «Turkmenaragatnashyk» Agency of the Ministry of Industry and Communication of Turkmenistan 88 Archabil Avenue, Ashgabat, Turkmenistan, 744000 Beneficiary Bank: SCBT «TURKMENBASHY» ASHGABAT, TM SWIFT:INVATM2X Account: 04-441-516 Foreign currency account: 23201840130427300192000 Transit currency account for tenders: 28902840130427400082000 Intermediary Bank: DEUTSCHE BANK TRUST COMPANY AMERICAS SWIFT: BKTRUS 33 MFO: 390101304 Tax code: 101161000271 Hünär derejesine deslapdan baha bermek üçin arzalary möhürlenen bukjada «Application to Prequalify for the Telecommunication Network Enhancement Project (ТКМ-1008)» dürs ýazgyly bolmaly, lotuň/lotlaryň belgileri we ady/atlary görkezilmeli aşakda görkezilen salga 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda sagat 11:00 gijä galman tabşyrmaly. Salgy: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi Türkmenistan. Aşgabat şäheri. Arçabil şaýoly, 88 belgili bina Tel.: +993 12 449000, +993 12 449095 Faks: +993 12 449393 E-mail: pmu@online.tm Web site: www.mincom.gov.tm Maglumat çeşmesi: “Türkmenaragatnaşyk” agentligi
11.05.2022
"Türkmentelekom" EAK hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanyň radio ýaýlymlaryny diňlemek üçin döredilen mobil goşundysy Google Play we App store internet dükanlarynda elýeterli
01.05.2022
"Türkmentelekom" EAK-sy domen üçin korporatiw poçta hyzmatyny hödürleýändigini habar berýär
28.04.2022
"Türkmentelekom" EAK-niň täze hyzmaty - fiziki serweriň kärendesi
22.04.2022
Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin telefon ulgamyna onlaýn-töleg etmek hyzmaty ýola goýuldy
18.03.2022
Türkmenistan we BMGÖM: Sanlylaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk
20.12.2021
Ýetip gelýän Täze 2022-njy ýyl baýramyňyz gutly bolsun!
11.11.2021
«Türkmentel — 2021» XIV halkara maslahaty öz işine başlady
30.10.2021
“Türkmentelekom” EAK-yň kolokasiýa hyzmatynyň nyrhlary arzanlady
26.10.2021
Türkmenistan bilen Gazagystan, özara telekommunikasiýa ulgamlaryny birikdirmek boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekdi
08.10.2021
Russiýa Federasiýasynyň «Yandex» kompaniýasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi
27.09.2021
«Aşgabat» SDAM-de çäksiz Wi-Fi hyzmaty ýola goýuldy
14.09.2021
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy Sizi ýene bir ýola Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlaýar
02.04.2021
Türkmenistan bilen Russiýa aragatnaşyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekçi
01.04.2021
Täze “Belet Film” hyzmatynyň kömegi bilen filmleri we seriýallary tomaşa etmek has aňsatlaşdy
04.01.2021
Türkmentelekom täze KVM hyzmatyny we Kolokasiýa üçin arzanladyşy hödürleýär
31.12.2020
Ýetip gelýän Täze 2021-nji ýyl baýramyňyz gutly bolsun
18.12.2020
Türkmenistanda "Sanly.tm" atly milli elektron-poçta hödürlendi
14.12.2020
«Türkmentelekom» Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergä gatnaşdy
25.11.2020
“TürkmenTel-2020” XIII Halkara onlaýn konferensiýasynyň gysgaça mazmuny.
06.11.2020
“Türkmentelekom” döwlet edaralary we guramalary üçin nyrh meýilnamalarynyň bahalaryny arzanlatdy
26.10.2020
“Türkmentelekom” ýüridiki şahslar üçin intraneti hödürleýär
20.10.2020
“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy öz müşderilerine 071 tehniki goldaw hyzmatyny ýola goýdy.
16.09.2020
“Türkmentelekomyň” «Colocation» hyzmatynyň artykmaçlyklary
26.12.2019
Ýetip gelýän Täze 2020-nji ýyl baýramyňyz gutly bolsun!
29.11.2019
Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly işe girizildi
29.11.2019
Ilat üçin trafigiň çäklendirilmedik görnüşinde täze nyrhnama
28.11.2019
Türkmenistan — Azerbaýjan Respublikasy arkalaşyp Hazaryň düýbünde optika-süýmlerini ulanmak boýunça ylalaşygy gol çekildi
28.11.2019
"Türkmentel-2019" halkara sergisi tamamlandy
24.10.2019
«Türkmentel-2019» halkara sergisi
22.07.2019
Biziň web sahypymyzda domen anyklamak mümkinçiligi döredildi
02.01.2019
Internet hasabyňy doldurmagyň täze usuly
26.12.2018
Ýetip gelýän Täze 2019-njy ýyl baýramyňyz gutly bolsun!
01.12.2018
Şahsy otagda internet nyrhnama meýilnamasynyň üýtgemesiniň instruksiýasy
01.12.2018
"Türkmentelekom" DEAK-nyň hyzmatlaryny sazlamak işleri boýunça onlaýn sargyt kabul edilişi
11.11.2018
Türkmenistanyň Prezidenti Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylary gutlady
01.11.2018
Edara kärhanalar we telekeçiler üçin täze nyrhnamalar
01.11.2018
Ilat üçin trafigiň çäklendirilmedik görnüşinde täze nyrhnama
08.09.2018
Ilat üçin trafigiň möçberiniň çäklendirilmedik görnüşinde täze nyrhnamalar
13.06.2018
Bölünip berlen wirtual serwerleriň täze nyrhnamalary
30.05.2018
Çäksiz Wi-Fi ulgamynyň jemgyýetçilik ýerlerinde ulanmagyň täze nyrhnamalary
02.05.2018
Ýuridiki şahslar üçin täze nyrhnamalar
09.03.2018
Türkmenistanyň bank kartlarynyň üsti bilen öz şahsy “Töleg kody” esasynda hasaplaşyk geçirmäge mümkinçiligiňiziň bardygyny “Türkmentelekom” DEAK-sy Siziň dykgatyňyza ýetirýär