Türkmen gämi abatlaýyş zawody Koreýa kompaniýasy tarapyndan auditden üstünlikli geçdi


05.04.2024

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda koreý kompaniýasy tarapyndan geçirilen audit üstünlikli tamamlady. Bu bolsa ISO şahadatnamalaryny almak ugrunda möhüm waka boldy diýlip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, zawod üç sany şahadatnamalary almagy meýilleşdirýändigi barada öň habar berilipdi: ISO 9001:2015 hili dolandyrmagyň ulgamy; ISO 45001:2018 Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy üpjün etmegiň dolandyryş ulgamy; ISO 14001:2015 daşky gurşawy goramagyň dolandyryş ulgamy.

Audityň üstünlikli tamamlanmagy «Balkan» zawodynyň halkara gämi gurluşyk jemgyýetine goşulmagy we berilýän hyzmatlaryň iň ýokary hilini tassyklamak üçin ýene bir ädimdir diýlip, habarda bellenilýär.

«Balkan» zawody bäsdeşlige ukyplylygyny we täze üstünliklere taýýardygyny görkezip, dünýä derejesinde ykrar edilmeginde ynamly hereket edýär diýlip, habarda aýdylýar.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn