Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi


09.04.2024

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär.

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hem düýpli çäreler görülýär. Pile öndürmek meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin pile öndüriji hojalyklar bilen şertnamalary baglaşmak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň zerurdygyny belledi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edýär. Ekişi agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. 2024-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralmadan we gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin häzirki wagtda bu ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi bellenen meýilnama boýunça üstünlikli ýerine ýetirilip, häzirki wagtda mallary talabalaýyk idetmek boýunça zerur çäreler görülýär. Sebitde pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar, bu işlerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýeralmanyň we soganyň ekişi tamamlanyp, häzirki wagtda olara ideg işleri, şunuň bilen birlikde, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär.

Şu günler welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak işleri guramaçylykly dowam edýär. Bu möwsümi talabalaýyk geçirmek üçin welaýatyň maldarlaryna ähli zerur şertler döredildi. Sebitde pile möwsümine hem taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýüpek gurçugyny idetjek kärendeçiler bilen şertnama baglaşmak işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär. Bu möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň doly güýjünde işledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak baradaky berýän tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, bugdaý, ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär.

Sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi guramaçylykly dowam etdirilip, mallara talabalaýyk ideg etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek, piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, pileçi kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşyldy. Ýüpek gurçugyny kärendeçilere paýlamak işleri bilen bir hatarda, ideg işlerine hem girişildi. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we gowaça ekişiniň ýokary hilli geçirilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişini ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek boýunça zerur işler dowam edýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şeýle hem ýazlyk ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär.

Welaýatda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak, mallary talabalaýyk idetmek, dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Pile möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wagtda pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak, olara ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ilkinji hatarara bejergi işlerine girişildi. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek barada beren tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Şunda agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Diýarymyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi, olara ideg etmek işleri utgaşykly dowam edýär. Pile öndürijiler bilen bellenen tertipde şertnamalary baglaşmak, ýerli howa şertlerine laýyklykda, pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak, ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylykly geçirilmegini, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz howanyň maýlamagy bilen baglylykda, öri we ekin meýdanlarynda dürli zyýanly mör-möjekleriň döremeginiň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda welaýat häkimleri ýurdumyzyň sebitlerinde mukaddes Oraza aýynda gapylaryny jemagata giňden açan täze metjitler üçin döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn