Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza döwletleriň degişli wekilleri duşuşarlar


13.04.2024

Şu ýylyň 15 --- 19-njy apreli günlerinde Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza döwletleriň Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisi geçiriler. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, nobatdaky Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bu halkara çärä görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, maslahatyň gün tertibine laýyklykda, guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljekki ýyllar üçin iş maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda işgärleriň hünär taýýarlygy we okuwlary guramak hem-de beýleki birnäçe ugurdaş meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda sebit ähmiýetli halkara ulag geçelgelerini ösdürmekde maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe şu ýylyň 15 --- 19-njy apreli günlerinde Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza döwletleriň

Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisini ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn