Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi


16.04.2024

15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri söz berildi. Olar welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pile öndürmek möwsümini talabalaýyk geçirmek, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň pileçi kärendeçileri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Şu ýyl ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Bu işler bilen bir hatarda Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bolsa ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli geçirilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn