Ýaponiýada 6G ulgamy synagdan geçirildi: maglumat geçiriş tizligi täsirli.


06.05.2024

6G ulgamy boýunça ýokary tizlikli simsiz maglumat geçiriş tehnologiýasynyň synaglary geçirildi. Synag wagtynda ýapon öndürijileriniň konsorsiumy 100 Gb/sek tizlik bilen 90 metrden gowrak aralykda maglumat geçirmegi başardy. Bu bolsa 5G-den 20 esse çalt.

100 Gbit/s geçirijilik tizligi bir sekundyň içinde bäş HD filmiň howa arkaly ýaýramagyna mümkinçilik berýär. Bu ABŞ-daky T-Mobileniň ortaça 5G tizliginden 500 esse çalt. Soňky synaglar enjamlaryň 100 Gbit/s çenli maglumat geçiriş tizligini gazanyp biljekdigini subut etdi. Baglanyşyk ýapyk giňişlikde 100 GHz diapazonda guruldy, açyk meýdanda bolsa 300 GHz çenli bat alyp bilýär.

Deňeşdirip aýtsak, 5G signallary köplenç 6 GHz-dan pes zolaklarda geçirilýär we diapazony 40 GHz çenli uzaltmak mümkinçiligi bar. 6G has ýokary ýygylyklary ulanmagy öz içine alýandygy sebäpli, operatorlar täze infrastruktura gurmaly bolarlar. «Fujitsu», «NEC» we «Nokia» ýaly kompaniýalar eýýäm munuň üstünde işleýärler.

2030-njy ýylda bolsa 6G torlaryny ornaşdyryp başlamak meýilleşdirilýär.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn